Azatlygyň maglumatlaryndan soň, Türkmenabatda döwlet awtobuslarynyň gatnawy ýola goýuldy
Bu waka, Azatlyk Radiosynyň şäherde döwlet awtobuslarynyň ýetmezçilik edýändigi we munuň bilen bagly ilatyň gündelik ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada yzygiderli beren maglumatlarynyň yz ýanyna gabat geldi.
“Türkmenabatda köp ýyllap dowam eden jemgyýetçilik ulag kynçylygy gowulaşyp başlady. Şäheriň awtoulag parkyna “Mercedes” kysymly täze awtobuslar getirilip, jemgyýetçilik ulag gatnawlary güýçlendirilýär. Şäherde döwlet awtobuslarynyň ençemesi hereket edip başlady” diýip, ýagdaýlardan habarly türkmenabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Ýaşaýjylarynyň ençemesi döwlet awtobuslarynyň gatnawlarynyň ýola goýulmagyny ilkibada wagtlaýyn çäre öýdendiklerini, ýöne indi ençeme gün bäri olaryň kadaly hereketiniň dowam edýändigini aýdýar.
“Mundan ozal men işe birnäçe gezek ulag çalşyp gidýärdim, käte pyýada hem gitmeli bolýardym. Indi bolsa 10-njy marşrut täzeden gatnap başlady, bu meniň üçin has amatly boldy” diýip, sebitiň Himiýa zawodynyň bir işgäri anonimlik şertinde aýtdy.
Kynçylyklar
Bellesek, Azatlyk Türkmenabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň ýetmezçiligine we munuň bilen bagly şäher ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryna indi bir ýyldan gowrak wagt bäri ýygy-ýygydan ünsi çekip gelýär. Bu barada ýerli ýaşaýjylar Azatlyga yzly-yzyna maglumat berdiler.
Geçen ýylyň ýanwar aýynda bolsa, Azatlygyň transport pudagyndaky çeşmeleri “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň awtoparkyna 120 çemesi täze ýolagçy awtobuslarynyň gelip gowuşandygyny, ýöne olaryň Türkmenabadyň 15-nji awtoparkynda ulanylman saklanylýandygyny habar berdiler.
Şu aýyň başynda bolsa, geçen ýylyň güýzünde, ýagny pagta möwsüminde ýatyrylan awtobus ugurlarynyň hem heniz-de dikeldilmeýändigini, şäher ýaşaýjylary gürrüň berdiler.
Şäherde döwlet awtobuslarynyň gatnawlary artdyrylan bolsa-da, käbir köçelerde heniz-de transport kynçylyklary saklanyp galýar.
Käbir köçelerdäki awtobus ýetmezçiligi
“Beýleki köçelerde, şol sanda Saparmyrat Nyýazow köçesi boýunça awtobuslar kadaly gatnap başlan bolsa-da, Bitarap Türkmenistan köçesinde döwlet awtobuslarynyň gatnawy heniz-de ýola goýulmady” diýip, ýagdaýlardan habarly şäher ýaşaýjysy anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Mundan başga-da, ol awtobuslaryň henizem ýetmezçilik edýändigini, esasan hem irden we agşam sagatlarynda olarda dyknyşyk bolýandygyny belleýär.
“Ýagdaý gowulandy, ýöne hkimiýetler bu ugurda işini dowam etdirip, awtobuslaryň sanyny artdyrsa gowy bolardy. Şeýle-de, bu ýagdaýyň uzak möhletleýin boljagy entek belli däl. Häkimiýetler bu işi ýarym ýolda goýman, jemgyýetçilik gatnawyny mundan beýläk-de kadaly işledip bilseler gowy bolardy” diýip, ol sözüne goşdy.
Döwlet awtobuslarynyň gatnawlarynyň artdyrylmagy, ilatyň transport kynçylyklaryny azaldan bolsa, hususy mikroawtobusynda kireý edip, ýolagçy gatnadýan sürüjilere oňaýsyz täsir etdi.
“Indi bu transport serişdelerinden peýdalanýan ýaşaýjylar tas bolmansoň, olaryň köpüsi işini bes etmeli boldy” diýip, mikroawtobuslaryň biriniň sürüjisi anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Lebap awtoulag önümçilik birleşiginden tesir alyp bilmedi.
Türkmen metbugatyna görä, ýurduň gündogar sebitinde agzalýan birleşigiň awtobuslary ýolagçylara hyzmat edýär. Bu birleşik 2024-nji ýylyň dowamynda 22 million 354 müň ýolagça hyzmat edip, 23 million 244 müň manatlyk iş ýerine ýetiripdir.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.