Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26
27
28

Bägül: Gaýrat edip, meni ýolumdan saklamaň, meni uçara goýberiň!

0
“Dogan, Maryda iş ýok, eklenç ýok. Ärim iş tapyp bilenok, özüm iş tapyp bilemok. Öýde oturanym bilen bize bir döwüm çörek berjek adam ýok. Gaýrat edip, meni ýolumdan saklamaň, meni uçara goýberiň” diýip, Türkiýä işlemäge gitmek isleýän iki çaganyň ejesi Bägül Aşgabadyň halkara aeroportundaky migrasiýa resmilerinden soraýar.


Azatlyk Radiosynyň Mary welaýatyndaky habarçysy soňky birnäçe aýyň dowamynda raýatlaryň Aşgabat halkara aeroportundan daşary ýurtlara uçýan uçarlara goýberilmezligi bilen bagly wakalaryň köp bolmagynda galýandygyny aýdýar. Ol bu raýatlaryň ençemesi bilen söhbetdeş boldy.


Maryly Bägül (ady üýtgedildi), Türkmenistandaky ykdysady kynçylyklaryň, giň ýaýran işsizligiň we durmuş gymmatçylygynyň arasynda, eklenç gözleginde daşary ýurtlara gitmek isleýän, ýöne uçara goýberilmeýän türkmenistanlylaryň diňe biri.




Kyrk ýaşyna golaýlan zenan ýerli habarçymyza bir aýa golaý wagt bäri Türkiýä gitmäge synanyşýandygy, ýöne ähli resminamalarynyň düzüwdigine garamazdan, uçara goýberilmeýändigi we munuň bilen bagly ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada gürrüň berdi.


"Daşary ýurda gitmäge hakyň ýok”

“Men we ärim indi ençeme ýyl bäri işsiz. Men we adamym günlükçi işlerde zähmet çekip, oba hojalygy işlerine gatnaşyp, pagta ýygyp, şugundyr ýygnap, güzeran eklemäge çalyşýarys. Ýöne hemme zat gün-günden gymmatlaýar. Alýan pulumyz diňe iýjek çöregimize ýetýär. Hepdede bir gün gyzgyn nahar iýmeýän günlerimiz bolýar. Şol sebäpli çagalarymy kakasyna goýup, men Türkiýä işlemäge gitmekçi bolýaryn” diýip, Bägül aýtdy.


Alty we dört ýaşlaryndaky çagalaryň ejesi özleriniň tanyş-bilişlerinden karz alyp, resminamalary taýýarlap, üç aýlyk türk wizasyny alandygyny belleýär.


Ýöne ol soňky bir aýa golaý wagtyň dowamynda iki gezek uçara goýberilmändigini we biletleriniň köýendigini hem aýdýar.


“Aeroportdaky migrasiýa resmileri maňa “seniň iki sany ýaş çagaň bar, olary taşlap, daşary ýurda gitmäge hakyň ýok” diýip, uçara goýbermediler. Men olara “dogan, Maryda iş ýok, eklenç ýok. Ärim iş tapyp bilenok, özüm iş tapyp bilemok. Öýde oturanym bilen bize bir döwüm çörek berjek adam ýok. Gaýrat edip, meni ýolumdan saklamaň, meni uçara goýberiň” diýdim, ýöne meni diňlemediler” diýip, maryly ene belledi.


Bellesek, Türkmenistanyň kanunçylygynda ýaş çagaly eneleriň daşary ýurtlara gitmegini gadagan edýän haýsydyr bir kanun namalar göze ilmeýär.


Öňki bendiler we şübheli hasaplanýan raýatlar

Muňa garamazdan, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň ençemesi Aşgabadyň aeroportundaky migrasiýa resmileriniň bu gadagançylyga salgylanyp, ýüzlerçe raýaty uçara goýbermeýändigini aýdýar.




Geçen hepde türkmenistanlylaryň ençemesi häkimiýetleriň raýatlaryň daşary ýurtlara gitmeginiň öňüni almak bilen bagly emeli päsgelçilikleri döredýändigini, pasportlaryndaky ýazgylaryň öçügsidigi barada bahana edýändigini aýtdy.


Uçara goýberilmeýän beýleki raýatlaryň arasynda jenaýat jogapkärçiligine çekilen we günä geçişlik esasynda azatlyga goýberlen öňki bendiler we häkimiýetler tarapyndan şübheli hasaplanýan raýatlar bar.


“Olar öňki bendileriň türkmen türmelerindäki sütemler barada daşary ýurtlarda çykyş etmeginden, şübheli hasaplanýan raýatlaryň ýurtdaky işsizlik we beýleki kynçylyklar barada dünýä paş etmeginden howtarlanýarlar” diýip, Aşgabadyň aeroportundaky bir çeşmämiz gürrüň berdi.


"Çar tarapa urunmak"

Habarçymyz raýatlaryň gaýta-gaýta uçara goýberilmän, yzyna gaýtarylýandygyna garamazdan, häzir olaryň ýüzlerçesiniň Aşgabatdaky dogan-garyndaşlarynyň öýünde wagtlaýyn bolup, ýa-da kireýine jaý alyp, gaýtadan daşary ýurda gitmäge synanyşýandygyny belleýär.


Bägüliň kyssasyna gaýdyp gelsek, ol hem şeýle raýatlaryň biri bolup, ol özüniň häzir çykgynsyz ýagdaýda “çar tarapa urunýandygyny” aýdýar.


“Meni uçara goýberen bolsadylar, men bu wagta çenli Türkiýede işläp, yzymda galan çagalaryma pul ibererdim. Häzir bolsa, tas bir aýa golaý bäri Aşgabatdaky garyndaşlarymyň öýünde ýaşap, olaryň hasabyna iýip-içýärin, olary hem närahat edýärin. Häzir “araçylara” pul berip, ýurtdan çykmaga synanyşmagy dowam etdirmekden başga alajym ýok” diýip, Bägül sözüni jemledi.


Azatlyk bu ýagdaýlar barada Aşgabat halkara aeroportundan, Döwlet Migrasiýa gullugyndan teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanyň hökümeti ýurtda işsizligiň hakyky derejesini görkezýän sanlary ilat köpçüligine äşgär etmeýär. Soňky ýyllarda ýitileşen ykdysady krizis köp sanly türkmenistanlyny eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykmaga iterýär.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Карен Хачанов: «Если сыновья захотят играть теннис, то как я могу не помочь?»






«Зима в Москве»: две пары поженились на катках на ВДНХ и Воробьевых горах

Задержание в Ермолине: почти 30 человек в полиции за сопротивление властям

Новый автосалон появится в Куркине

Военный самолет «Антонов» разбился в Судане, есть погибшие