Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27
28

Türkmenistan ak dona bürendi, şäherlerde sürçeklik, obalarda batgalyk ýaşaýjylara oňaýsyzlyk döretdi

0
Aşgabatdan we Awazadan gelip gowşan suratlarda gar bilen örtülen agaçlary, binalary we düz meýdanlary synlasa bolýar. Mary welaýatynyň obalarynda gardan soň emele gelen batgaçylyk ýerli ýaşaýjylary başagaý etdi. Balkanda sürüjiler sürçek ýollarda agyr synaglara sezewar boldy.


Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýurduň dürli sebitlerinde 24-25-nji fewralda ýagan gar we onuň yz ýany emele gelen amatsyzlyklar barada maglumat taýýarlady.


“Oba ýerlerinde ygally howadan soňra, ýollar palçyga bulaşdy.  Şäher ýerlerinde hem batga bolup ýatan ýerler köp. Köp gatly jaýlaryň ýerzeminlerine suw syzdy. Mary şäheriniň protokol köçelerinde jemagat hojalygynyň işgärleri çygly howada köçeleri arassalamak bilen meşgul boldular” diýip, Mary welaýatynyň ýaşaýjylary aýdýar.


Balkan welaýatynyň käbir sebitlerinde garyň galyňlygy 10 santimetre çenli baryp ýetdi.


“Köpden bäri gar ýagmansoň, sürçek ýollarda ulag dolandyrmakdan eli çykyşan sürüjiler birbada başagaý boldy. Şonuň üçin, käbir ulaglar ýol hadysalaryna uçrady ” diýip, Balkan welaýatynyň birnäçe ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.


Hazaryň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary, turkmen.news neşirine görä, soňky bäş ýylyň iň agyr garyna şaýat boldular.


Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň Türkmenbaşydan we Awazadan düşüren suratlarynda adamsyz köçeleriň ýakalaryndaky hatar-hatar agaçlara düşen ak gary synlamak bolýar.




Agyr gar deňiz kenaryndaky plýažlarda günden goranmak üçin oturdylan saýawanlary we şezlonglary hem örtüpdir. Gyzykly ýerli, şezlonglar gyş paslyna garamazdan, heniz hem deňiz kenaryndan aýrylman ekeni. Şeýle suratlary Azatlyk Radiosynyň web sahypasynda synlamak mümkin.


“Gyş peşgeşi” paýtagtly ýaşaýjylary gysga wagtlyk hem bolsa heýjana getirdi. Sosial ulgamlarda paýtagtdan paýlaşylan sazly wideo şekillerde “emaý bilen gökden inýän gar tozgalaryny” synlamak bolýar.


Mary şäherindäki habarçymyz gardan soň ellerine sübse tutdurylyp şäheriň protokol köçelerini arassalamaga iberilen jemagat gullukçylary barada habar berýär.


“Tämizlikçiler şäheriň esasan protokol köçeleriniň gyralaryna üýşen suwlary arassaladylar. Magtymguly, Mollanepes we Kemine köçelerine seredildi. Şäheriň beýleki köçeleri palçyga bulaşdy” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýar.


Günorta-günbatar welaýatyň oba ýerlerinde ygally howada palçyga bulaşyp, mekdebe barýan okuwçylary synlamak bolýardy.


“Ýöne ir bilen mekdebe gidip barýarka heniz doň ýollarda typyp, üsti-başyny hapalap yzyna, öýüne gaýdýan okuwçylar hem bar” diýip, oba ýaşaýjysy aýdýar.


Ýerli ýaşaýjylar obalardaky ýollaryň ýakalarynda pyýadalara niýetlenen ýodajyklaryň bolmandygyny, munuň netijesinde, çygly howa şertlerinde obalarda hereketiň kynlaşýandygyny aýdýarlar.


Ýöne obalarda ulaglara niýetlenen köçelerde ýagdaý öwerlik däl.


“Käbir köçelerde maşynlar batga batýarlar. Okuwçylar ýol kenarlarynda pyýadalara niýetlenen ýodalar bolmansoň, maşyn geçýän köçelerde ýöremeli bolýarlar. Bu hem howply ýagdaýlara ýol açýar” diýip, oba ýaşaýjylary aýdýar.


Sürüjiler, hususan-da, ümürli we ygally howada ulaglaryny örän seresaply dolandyrýarlar.


Balkan welaýatyndaky habarçylarymyz bu sebitde ýollarda emele gelen sürçeklik sebäpli, ýol-ulag hadysalarynyň köp bolandygyny aýdýar.




Şeýle hadysalaryň birnäçesinde swetaforlarda, ýagny ýol yşyklarynda ulaglaryň badyny saklap bilmän, öňde garaşyp duran ulaglara baryp uran halatlary bolupdyr.


Türkmenbaşyly sürüjiler şäherde jemagat hojalygy müdirlikleriniň işgärleriniň doň ýollara öz wagtynda buz erediji duzlary sepip bilmändigini, şonuň üçin ýollardaky sürçekligiň esli wagt dowam edendigini aýdýarlar.


“Şonuň üçin, şeýle halatlarda ýol-ulag hadysalaryna uçrap bir tarapyny ýemşerden, ýa-da ýitgi çeken ulaglara döwlet tarapyndan kompensasiýalar tölense gowy bolardy” diýip, bir sürüji aýdýar.


“Sebäbi jemagat hojalyklary öz wagtynda sürçek ýollaryň doňuny çözmäge çalyşmaýar. Biz we biziň ulaglarymyz bu ýagdaýdan zyýan çekýäris” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirýär.


Döwlet media serişdeleri we elektron neşirler ýurduň dürli sebitlerinde bolup geçýän garly howa barada öňünden habar berdiler.


Döwlet telewideniýesiniň howa maglumatlarynda hem garaşylýan howa hadysalary barada maglumatlar paýlaşyldy. Ýöne ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şeýle howanyň emele getirýän netijeleri, ýurt raýatlarynyň ýüzbe-ýüz galýan amatsyzlylary barada habar bermekden saklanýar.


Iri sosial media hasaplary şeýle howada köplenç ajaýyp gar sahnalaryny, ak dona bürenip oturan göz gamaşdyryjy pursatlary paýlaşýar.


Birnäçe ýyl mundan ozal ýurduň şol wagtky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow garly günleriň birinde Köpetdagyň eteginde agtygy bilen gezelenç edip, ak gardan gar adam ýasapdy we bu pursatlar döwlet telewideniýesinde joşgunly habar berlipdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Красноярская теннисистка Мирра Андреева выиграла турнир WTA 1000 в Дубае






Школу в Печатниках обновят к новому учебному году

Адвокат Падалко заявил, что Ефремов действительно подал ходатайство на УДО

Город выставил на торги историческое здание в Басманном районе

Суд в Москве арестовал вице-губернатора Вологодской области Дениса Алексеева