Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27
28

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda günebakar ýagy ýene gymmatlady

0
Aşgabadyň döwlet dükanlarynda gysga wagtlyk arzan bahadan satuwa çykarylan günebakar ýagynyň bahasy duýdansyz ýene gymmatlady. Bu ýagdaý alyjylaryň arasynda nägilelik döredýän mahaly, dükan resmileri gymmatlamanyň sebäbini düşündirmeýärler.


“Geçen hepde bir litr günebakar ýagy 18 manatdan satylýardy. Ýöne şu hepdäniň başynda, ýagny 4-nji fewralda döwlet dükanlarynda günebakar ýagynyň bahasy duýdansyz ýene gymmatladyldy we 22 manatdan satylyp başlandy” diýip, ýagdaýlardan habarly paýtagtly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Gymmatlama alyjylaryň köpüsiniň arasynda nägilelik döretdi we olaryň dükan satyjylary bilen dawalaşmagyna getirdi.




“Alyjylar dükan satyjylaryndan gymmatlamanyň resmi talapdygy barada resminama görkezmegi talap etdiler. Satyjylar “dükan müdiri gymmat bahadan satyň diýdi, biz ýolbaşçymyz näçeden satmaly diýse, şol bahadan satýarys” diýýärler” diýip, aşgabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


"Alyjylar sögüner goýar"

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, dükan satyjylary artykmaç söz aýtmakdan we alyjylar bilen dawalaşmakdan saklanýarlar we ýere seredip, jogap bermän durýarlar.


Käbir dükan satyjylarynyň anonimlik şertinde habarçymyza gürrüň bermegine görä, dükan müdirleri öz garamagyndaky satyjylara “seslerini çykarmazlygy, dawalaşmazlygy” tabşyrýarlar.


“Alyjylar sögüner goýar, gymmat bahadan satyp peýdaňyzy biliň, esasy alyjylardan köpräk pul alsak bolany diýip, dükan müdirleri satyjylar bilen düşündiriş işlerini geçirýärler” diýip, satyjylaryň birnäçesi aýtdy.


Azatlyk bu ýagdaýlar barada paýtagtyň söwda edarasyndan teswir alyp bilmedi.


Türkmenistanda geçen ýylyň sentýabr aýynyň ahyrynda günebakar ýagynyň bahasy birden 17 manatdan 30 manada gymmatlany bäri, onuň bahasy üýtgäp durup, durnuksyz bolmagynda galýar.


Döwlet dükanlarynda ýag wagtal-wagtal arzanladylan, ýeňillikli bahadan satuwa çykarylsa-da, ol köplenç 30-40 manat aralygynda bahalanýar.




Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda dörän agyr işsizlik, aýlyklaryň az bolmagy we durmuşyň yzygiderli gymmatlamagy ýeňillikli bahadan goýberilýän harytlaryň hyrydarynyň barha köpelmegine getirýär.


3 kg un öýde ölçelende 2 kg bolup çykýar

Bu aralykda, habarçymyz paýtagtyň döwlet dükanlarynda häzir ilata ýeňillikli bahadan şekeriň we çöregiň satylýandygyny aýdýar.


“Bazarlarda bir kilogramy 18 manatdan satylýan şekeri 16 manatdan satyn alyp bolýar. Şeýle-de, her gün irden çäkli möçberde çörek satylýar. Her biri 1 manat bahalanýan çörekden her bir alyja diňe iki sany satylýar” diýip, paýtagtly ýaşaýjy gürrüň berdi.


Mundan başga-da, ýerli unuň birinji hiliniň bir kilogramy 4 manatdan, ýokary hili 5 manatdan satylýar. Ýöne adam başyna üç kilogram satylýan uny alan alyjylar öýlerine gelip, ony terezide ölçäp görenlerinde, onuň iki kilogram töweregi bolup çykýandygyny aýdýarlar.


“Ýeňillikli diýilýän harytlarda kadaly berilmeýär. Köp maşgalanyň eklenji örän agyrlaşyp, çykgynsyz ýagdaýa gelýär. Adamlaryň geljege bolany ynamyny ýok edýär” diýip, ýerli ýaşaýjy sözüni jemledi.


Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda ilata ýeňillikli bahadan satylýan azyk önümleriniň görnüşi çäkli bolmagynda galýan mahaly, soňky iki aýdan hem az wagtyň dowamynda ýurduň bazarlarynda azyk we senagat harytlarynyň ençeme görnüşi, şol sanda mal we towuk eti gymmatlady.


Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri ykdysady kynçylyklary we munuň ilata ýetirýän täsirleri barada aç-açan mesele gozgamaýarlar.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Елена Рыбакина

Стало известно место Рыбакиной в мировом рейтинге после сенсации






Более 380 горожан посетили выставку и музей ТТУ в день празднования 110-летия самарского трамвая

Депутат Журавлев объяснил готовность РФ делиться ядерным потенциалом с Белоруссией

Московские росгвардейцы оказали помощь пострадавшим в ДТП

Мероприятие ко Дню Арктики пройдет в МГУ