Lebaply daýhanlar MHM-niň gorkuzmalaryna sezewar bolýandyklaryny aýdýarlar
Hususy eýeçiligindäki ýerde esasan sogan, käşir we sarymsak ýetişdirýän daýhanlar MHM işgärleriniň öz wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanyp, ellerindäki hasyllaryny arzan bahadan satyn almaga çalyşýandygyny belleýärler.
“Etrap MHM işgärleriniň biri meni etrap häkimligine çagyrdy. Şol ýerde ol maňa “ýetişdiren käşiriňi we soganyňy maňa kilesini 2 manatdan sat” diýdi. Men oňa häzir käşiriň her bir kilogramynyň lomaý bahasynyň 4,5 manada barabardygyny aýdyp, satmakdan ýüz öwürdim. Ol maňa “ýatdan çykarma, bir etrapda ýaşaýandyrys” diýip, haýbat atdy” diýip, saýatly daýhan anonimlik şertinde gürrüň berdi.
“Olaryň näme etjegi belli däl”
Gorkuzmalara sezewar bolan daýhanlaryň başga-da ençemesi ýurtda “MHM işgärleriniň köp pudaga täsir edip, eden-etdilikleri amal edip bilýändigini” aýdyp, häzir özleriniň howsalaly ýagdaýdadygyny belleýär.
“Olaryň nämeden bahana tapyp, näme etjegi belli däl” diýip, hojambazly bir daýhan anonimlik şertinde aýtdy.
Şol bir wagtda, ýer eýeleriniň käbiri MHM işgärleriniň ýokary wezipelerde işleýän tanyş-bilişleri bolan daýhanlara “azar bermeýändigini” hem belleýär.
“10 tonna sogan hasylyn aldym. Etrap MHM işgäri onuň baryny elimden almakçy boldy. Meni gijäniň ýarysynda ýerli polisiýanyň edarasyna çagyryp gorkuzjak boldy. Emma meniň welaýat häkimliginde arkam bolanlygy sebäpli özümi aldyrmadym” diýip, dänewli daýhan anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Türkmenistanda sogan, sarymsak we käşir ýaly gök-bakja önümleri iki usulda ösdürilip ýetişdirilýär. Olaryň birinjisi, döwlet bilen kärendeçileriň baglaşan şertnamasy esasynda bolsa, ikinjisi, hususy ýer eýeleri tarapyndan ekilip, ýetişdirilýär. Lebap ýurtda soganyň we sarymsagyň iň köp ekilýän ýerleriniň başynda gelýär.
Döwlet tabşyrygy esasynda sogan, sarymsak ösdürip ýetişdiren kärendeçiler hasylyny döwletiň kesgitlän bahasyndan döwlet harmanyna tabşyrýar. Hususy ýer eýeleri bolsa, hasylyny bazar nyrhy boýunça hususyýetçilere satýarlar.
"Özlerine amatly bahadan satmaga ymtylýarlar"
Welaýat häkimligindäki çeşmämiziň tassyklamagyna görä, MHM işgärleriniň aglabasynda hususy mellek ýerleri bolup, olar hem öz gezeginde sogan, sarymsak, käşir ekip satýarlar.
“Olar munuň düşewüntlidigini bilýärler. Üstesine-de, olar öz wezipesinden hyýanatly peýdalanmak bilen, daýhanlary gorkuzyp, olaryň hasyllarynyň ählisini arzan bahadan satyn alyp, gök-bakja önümleriniň bazar bahasyna täsir edip, özlerine amatly bahadan satmaga ymtylýarlar” diýip, çeşmämiz aýtdy.
Azatlyk bu ýagdaýlar barada sebitiň degişli häkimiýetlerinde, şol sanda MHM-niň ýerli edarasyndan we Polisiýa müdirliginden teswir alyp bilmedi.
Bellesek, habarçylarymyz Milli howpsuzlyk ministrliginiň Lebapdaky işgärlerinde mellek ýerleriniň bardygy barada mundan ozalky ýyllarda hem ençeme gezek habar beripdiler.
Geçen ýylyň maýynda habarçylarymyz MHM işgärleriniň beýleki kärendeçileri ýa käşir satýan adamlary gorkuzyp, olaryň ellerindäki käşirlerini arzan bahadan satyn alýandygyny aýdypdylar.
Şonda ýerli kanun goraýjy edaralaryň birindäki çeşmämiz milli howpsuzlyk işgärleriniň etrap polisiýa bölümi bilen “gowy hyzmatdaşlykda” bolýandygyny gürrüň beripdi.
Türkmen hökümetiniň iş maslahatlarynda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, daýhanlary goldamak barada ýygy-ýygydan tekrarlanýar. Ýöne ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada mesele gozgalmaýar. Bu barada resmi media hem hiç zat aýtmaýar.
Hökümete tarapdar “Biznes Türkmenistan” neşiriniň 4-nji fewralda çap eden maglumatyna görä, 2024-nji ýylda Türkmenistan, hususan-da, oba hojalyk toplumynyň önümlerini eksport etmekde düýpli ösüş gazandy. 2024-nji ýylyň başyndan daşarky bazarlara 6 müň tonna sogan iberildi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.