Maryda ten satýan aýallary saklamak boýunça reýd geçirilýär
Mary şäherindäki çeşmeleriň sözlerine görä, reýdleriň bir tapgyry şäherde 20-nji fewralda geçirilipdir. Polisiýanyň esasy maksady ten satýan zenanlary anyklamak we olary saklamak bolupdyr.
"Reýdler welaýatlaryň arasyndaky gatnawy amala aşyrýan taksi duralgalarynyň ýanyndaky kafe we restoranlarda, gijeki klublarda geçirildi. Şeýle-de, ten satýanlaryň arasyna polisiýa tarapyndan ornaşdyrylan adamlaryň beren salgylary esasynda öýlerde, şol sanda massaž hyzmatlaryny hödürleýänleriň jaýlarynda reýd geçirildi" diýip, polisiýadaky ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Marynyň polisiýasy tarapyndan geçirilen bu reýdleriň käbirine adaty şäher ýaşaýjylary şaýat boldular. Polisiýa hiç hili bikanunçylyk etmeýän raýatlaryň öýlerine-de barypdyr.
Şäher ýaşaýjylarynyň biri öz goňşysynyň öýüne gije birnäçe polisiýa işgäriniň baryp, gapysyny döwendigini gürrüň berdi.
“Gapdal podeýzdäki goňşy, öýünde massaž hyzmatlaryny hödürleýär. Aslynda ol zyna bilen baglanyşykly işlere baş goşmaýar. Kimdir biri ony şugullapdyr. Goňşym 12 müň manat para berip sypypdyr” diýip, maryly ýaşaýjy gürrüň berýär.
Şeýle-de, polisiýa işgärleri ten satýanlary gözläp, kafelerde oturan müşderileriň birnäçesini saklapdyr.
Mary şäheriniň “Rysgal” myhmanhanasynyň gapdalynda ýerleşýän “Miras” kafesine sagat 19:00-dan soň baran polisiýa işgärleri şol ýerde stoluň başynda gürleşip oturan erkekleri we aýallary sorag-ideg etmän, polisiýa ulagyna mündürip polisiýa bölümine alyp gidipdir.
Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan çeşmeleriň biri 24-nji fewralda bolan ýagdaý barada şeýle gürrüň berdi.
“24-ne 2 sany jübüti ulaga mündürip alyp gitdiler. Kafeniň eýesi: 'Ten satýanlara garşy reýdler geçirilýär' diýip düşündirdi” diýip, ýagdaýdan habarly çeşme aýtdy.
Mary şäheriniň polisiýasyndaky çeşmeler şäheriň kafelerinde we restoranlarynda ten satýan aýallaryň hakykatdan hem bardygyny, emma olaryň adatça yzarlanmaýandygyny gürrüň berdiler.
“Aslyda polisiýanyň işgärleri özleri ten satýanlara howandarlyk edýärler, olardan paç alýarlar, olaryň hyzmatlaryndan mugt peýdalanaýarlar ýa-da olary içaly hökmünde ulanýarlar. Ýöne bu gezek buýruk welaýat prokuraturasyndan gelendigi sebäpli reýd geçirmeli boldular" diýip, çeşme belleýär.
Çeşmelere görä, şäheriň polisiýa işgärlerine reýd geçirmek hakynda tabşyryk dilden berlipdir, emma onuň anyk sebäbi düşündirilmändir.
Türkmenistanda ten söwdasyna baş goşýan aýal-gyzlaryň sanynyň artmagy baradaky habarlar soňky ýyllarda köpeldi.
Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň maglumatlaryna görä, seksual hyzmatlary hödürleýänleriň arasynda çagaly eneler we ýaş gyzlar bar, hatda mekdep okuwçylary hem duş gelýär.
Azatlyga ýaňy-ýakynda mälim bolan ýagdaýlaryň birinde aýal maşgala özüniň ten satmak ýoluna nädip düşendigi barada gürrüň berdi.
Mary welaýatynyň 38 ýaşly ýaşaýjysynyň Azatlyga gürrüň bermegine görä, onuň adamsy alty ýyl ozal Türkiýä işlemäge gidipdir, dört ýyldan gowrak wagtlap ondan habar bolmandyr. Pul gelmegiň kesilmeginden soň zenan çagalaryny eklemek üçin çykalga gözläpdir we hatda ýardam sorap, häkimiýetlere ýüz tutupdyr. Netije bolman soň ten satmak işine baş goşmaly bolupdyr.
Azatlygyň habarçylarynyň mundan öň beren maglumatlarynda ten söwdasy bilen meşgullanýanlaryň restoranlarda, kafelerde we barlarda, şeýle-de etraplaryň arasyndaky uly garaýollaryň çatrygynda, ulaglaryň säginýän ýerlerinde durýandygy aýdyldy. Olaryň soraýan tölegleriniň 50 manatan başlanyp, 500 manada ýetýändigini çeşmeler gürrüň beripdi.
Türkmenistanda ten söwdasyna degişli problema resmiler tarapyndan agzalmaýar we media serişdelerinde gogalmaýar.
Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 136-njy maddasynda ten söwdasy "jelepçilik" diýlip, atlandyrylýar we jeza hökmünde bellenilen binýatlyk mukdarynyň 20-40 aralygyndaky möçberde jerimäni ýa-da 480 sagada çenli mejbury işi ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işlemegi ýa-da iki ýyla çenli möhletde azatlykdan mahrum edilmegi göz öňünde tutýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.