Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28

ÝB resmisi Aşgabat saparynyň dowamynda hukuk meselerine ünsi çekmäge çagyrylýar

0
Ýewropa Bileeşiginiň daşary syýasat başlygy Kaýa Kallasyň Aşgabat saparynyň öňüsyrasynda, adam hukuklaryny goraýjy toparlar adam hukuklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyna ünsi çekip ýüzlenme çap etdiler.


Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi formatyndaky ministrler duşuşygy 4-nji martda Aşgabatda geçiriler. Bu ýygnagyň öňüsyrasynda, Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy hem-de Adam hukuklary boýunça Halkara hyzmatdaşlygy guramasy bilelikde çap eden ýüzlenmelerinde ýewropa resmisini türkmen ýolbaşçylary bilen geçirjek duşuşyklarynda durnukly ösüşi gazanmak üçin adam hukuklarynyň ähmiýetini nygtamaga çagyrdylar.


Ýewropa Bileleşigi Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdýar, bileleşigiň 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa boýunça kabul eden strategiýasy sebitde adam hukuklarynyň meselelerini ileri tutýandygyny aýdýar.


Hukuk toparlary bilelikde çap eden ýüzlenmelerinde ýokary derejeli ýewropa resmisinden Türkmenistanda Internet tizliginiň hem-de elýeterliliginiň ýokarlandyrylmagy, raýat işjeňligi zerarly tussag edilen adamlaryň boşadylmagy, raýatlara girizilen eden-etdilikli syýahat gadaganlyklarynyň aradan aýrylmagy ýaly adam hukuklarynyň meselelerini gozgamagy soradylar.


Hukuk goraýjy toparlar ynsan hukuklarynyň we azatlyklarynyň Türkmenistandaky ýagdaýyny ýyllarboýy tankytlap gelýär. Häkimiýetler şeýle problemalar boýunça aç-açan çykyş etmeýärler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Карен Хачанов — о том, думает ли он о завершившихся матчах: был моложе — загонялся






Дублирующую подсветку установят на светофорах столицы

Mash: борец Сайтиев умер из-за остановки сердца в результате интоксикации

Ротенберг после четвертого поражения подряд: «СКА готовится к плей-офф»

Автосервис загорелся на северо-востоке Москвы