Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28

Aşgabatda internet durnuksyz, Balkanda birnäçe gün VPN-siz işledi

0
Türkmenistanyň käbir böleklerinde öň blokly bolan sosial ulgamlar gysga wagtlyk açylyp, ýene-de petiklendi. Internet resurslarynyň köpüsine girmek üçin ýene-de VPN talap edildi. Ilat köpçüligine internetiň elýeterliligi örän çäkli bolmagynda galýarka, ýurduň çäginde örän çalt internetden peýdalanmak üçin resmi bolmadyk käbir täze mümkinçikler hem döräpdir. Azatlygyň habarçylary Aşgabatdaky, Balkandaky we Lebapdaky ýagdaýlar barada 28-nji fewralda habar berdiler.


Aşgabatda şu günler internetiň ortaça tizligi resmi prowaýderiň hödürleýän hyzmatynyň derejesine ýakyn üpjün edilýär diýip, Aşgabatdaky habarçymyz aýdýar. 


"Prowaýderiň yglan eden tizligine ýagyn, emma onuň kuwwaty wagtly-wagtdan ýetmeýär. Agşamlaryna we gije ikä çenli tizligi hasam haýallaýar we üzülip durýar. Şol wagt VPN hem köplenç işlemeýär. Agşamlaryna esasy agramy internetde öýün oýnaýanlar we serial görýänler döredýär" diýip, habarçymyz paýtagtly ussalaryň düşündirişine salgylandy.




Onuň sözlerine görä, paýtagtda petikli saýtlaryň birden açylmagy we Fecebook, Instagram ýaly messenjerlere VPN-siz hem maglumatlar gelip başlaýar. "Emma bu kadadan çykma" diýip, habarçy belledi. 


"Türkmentelekomyň" müşderilerine teklip edýän internetiniň tizligi sekuntda ortaça 6 megabit.


Balkan welaýatynyň çäginde internetiň kesilmegi soňky günlerde tas her gün gaýtalanyp durýar diýip Blakandaky habarçy aýtdy. 


"24-nji fewraldan bäri näsazlyk sebäpli Telegram, WhatsApp, Signal, Instagram, TikTok we hatda YouTube birden VPN-siz işläp başlapdy. Halkyň begenji uzaga barmady 28-nji fewrala geçilen gije ähli mesenjerler we platformalar öňküsi ýaly petiklendi we diňe VPN bilen işleýär" diýip, ýerli çeşme Azatlyga gürrüň berdi. 


Sanly ulgamlar boýunça ýerli hünärmenler öňden bäri berk petiklenýän saýtlaryň we mesenjerleriň wagtlaýyn işlemeginiň sebäplerini ýurduň aragatnaşyk sistemasyndaky tehniki ýalňyşlyk, ýa-da "merkezde abatlaýyş işleri sebäpli" bolan bolmagyny çap edýändigini aýtdylar.   


Bu aralykda Lebap welaýatynda raýatlara internetiň tizligini artmak boýunça hyzmatlar resmi bolmadyk görnüşde teklip edilýär.


Azatlygyň Lebapdaky habarçysy 4 Mb/s tizlikli internetiň tizligini 80 Mb/s-a çenli ýokarlandyrmak teklip edilýär diýýär: "Aşgabat hem-de Lebap welaýatynyň gurply maşgalalary ýerli prowaýderleriň para esasynda raýatlar üçin hödürleýän 4 Mb/s tizlikli internetini 80 Mb/s tizlige we mobil internetiň tizligini 20 Mb/s tizlige çenli ýokarlandyrmak hyzmatyndan resmi däl ýagdaýda peýdalanyp bilýärler".


Azatlyk bilen anonimnlik şertinde gürrüňdeş bolan ulanyjylaryň biri internet prowaýderinde tanyş tapyp, oňa para bermek arkaly öý internetiniň tizligini ýokarlandyrandygyny we munuň üçin näçe möçberde para berenini gürrüň berdi.


"Tapylan tanyşyma her aý 400 dollar tölemeli. Elbetde, VPN-siz internedi ulanyp bolanok. Emma tizligi gaty gowy. Aýdylyşyna görä, internet GPON ulgamyna birikdirilen bolmaly" diýip, çeşme aýdýar. 


Türkmenabatly telekeçi bolsa, Lebap welaýatynyň MHM bölümindäki tanyşynyň kömegi bilen mobil internetiniň hilini ýokarlandyrandygyny gürrüň berdi.


"Ol meniň telefon belgimi belläp aldy, eline 1500 dollar berdim. Indi mobil telefonymyň tizligi gaty gowy. Elbetde, ähli zat VPN bilen işleýär" diýip, türkmenabatly gürrüň berdi.


Türkmenabatyň käbir ýaşaýjylary goşmaça puly bolmasa-da, häkimiýetlere yzygiderli ýüzlenmek arkaly meselesini çözendigini gürrüň berdiler.


Ýerli ýaşaýjylary biri, öýündäki internetiň hiliniň peselmegi sebäpli prowaýdere ýüz tutup, dawa edipdir. Ol administrasiýanyň goh-galmagal islemän, meseläni dessine çözüp berendigini gürrüň berdi. 


"Öý telefon arkaly meni başlyga birikdirdiler, başlyk bilen dawalaşdym. Ol meni näbelli bir adam bilen birleşdirdi. Telefonyň aňyrsyndaky adam men bilen mylakatly gürleşdi we telefon belgimi sorady. Iki minutdan soň dört belgili kodly SMS geldi. Men şol belgini telefonyň aňyrsyndaky adam bilen paýlaşdym, internetim gaty gowy işläp başlady. Ýöne meniň tanyşlarym routeri 'reset' etmegi maslahat berdiler. Olaryň pikiriçe, şeýle etmek bilen meni yzarlamak mümkinçiligi has-da ýokarlanýar" diýip, gürrüň türkmenabatly gürrüň berdi.




Türkmenistanda internet petikli galýan wagtynda türkmen resmileriniň çykyşlarynda ýurduň sanly ulgamyny ösdürmek we daşary ýurtlardan ösen tehnologiýalary satyn almak barada çykyşlary edilýär. Döwlet mediasynda sosial ulgamlaryň öz ýerli görnüşleriniň ösrdürilýändigi aýdylýar.   


Türkmen metbugatynda ýaňy-ýakynda çap bolan maglumatda, hususan-da,"Start" atly messenjeriň mümkçinilikleri gowulandyryp, onuň onlaýn habar alyşmaga, topar söhbetlerini döretmäge, ses we wideo jaňlaryny etmäge we dürli görnüşli elektron faýllaryny alyşmaga mümkinçilik berýändigi öň sürüldi. 


Türkmen hökümeti ilatyň internetdäki işjeňligine berk gözegçilik edýär. Dünýädäki iň haýal we iň gymmat internetden peýdalanýan raýatlaryň VPN ulanyp-ulanmazlygyny, petikli sýatara girip-gizmezligini we mobil telefonlaryndaky maglumatlaryny barlamak ýaly çäreler ýygy-ýygydan geçirilýär. 


"Progres" fondunyň BMG-ä beren hasabatynda görkezilen sanlara görä, Türkmenistanyň internete ilatynyň ýarysyndan gowragy girip bilýär, mekdepleriň diňe 37% -i global tora birikdirilen. Internet hyzmatlarynyň bahasy dünýädäki iň gymmatlaryň biri bolup, ortaça aýlygyň 76% -ne barabar bolýar, tizligi sekuntda ortaça 3,4 megabit - dünýädäki ortaça 90.5-den has pes bolmagyna galýar. Şeýle-de, websaýtlaryň esassyz petiklenmegi we internet traffigine gözegçilik ilatyň internet elýeterliligini çäklendirýändigi bellenýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Карен Хачанов

Карен Хачанов — о том, думает ли он о завершившихся матчах: был моложе — загонялся






«Спартак» — «Оренбург». Видеообзор матча РПЛ с дебютным голом Солари

Число пострадавших в результате стрельбы в ТЦ в Мытищах увеличилось до четырех

25 кадров Анри Картье-Брессона о советской жизни в 1954 году

Эрдоган пригрозил возобновить операции против «Рабочей партии Курдистана»