Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28

Ýaremezançy çagalar öýlere we hususy dükanlara aýlanýar, käbir satyjylar möhleti geçen önümleri berýär

0
1-nji martyň säherinde dünýäniň musulman ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly Türkmenistanda hem Remezan aýy başlanýar. Her ýyl däp bolşy ýaly bu senä dört-bäş gün galanda, çagalar öýlere aýlanyp, ýaremezan bentlerini aýdyp başladylar.


Bu ýyl çaglaryň sany, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, has köp bolup, olar hususy dükanlara hem aýlandylar. Satyjylaryň arasynda, çagalara ýaramlylyk möhleti geçen süýji-kökeleri berenler hem boldy. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 28-nji fewralda Aşgabatdan we Marydan maglumat berdiler.


“Dört-bäş ýa-da 10-12 çagadan ybarat çagalar topar bolup, agşamara öýleriň gapysyny kakýarlar. Olar Remezan aýy bilen gutlap, süýji-köke bermegiňe garaşýarlar. Aglabasy 12-i ýaşa çenli çagalaryň köplügi zerarly adamlaryň birnäçe kilogram alyp goýan süýjüleri hem bir-iki günde gutarýar. Her 5 minutdan bir gezek gapy kakylýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.




Adatça Türkmenistanda Remezan aýynyň başlamagyna üç gün galanda, çagalar her gün agşamara öz ýaşaýan sebitindäki öýleriň gapylaryny kakyp, ýaremezan bentlerini aýdýarlar we musulmanlaryň mukaddes aýynyň ýetip gelýändigini buşlaýarlar. Ýaşaýjylar çagalara göwünlerinden çykaran zatlaryny, şol sanda süýji, köke, pul sowgat berýärler.


Çyralary öçürip, öýde ýok ýaly oturýarlar

Habarçylarymyz hojalyklaryň öz maddy mümkinçiligine görä süýji-köke satyn alyp goýandygyny aýdýarlar. Güzeran eklenji pes hojalyklaryň käbirleri bolsa, agşamara çyralaryny öçürip, özlerini öýde ýok ýaly edip oturýarlar.


Käbir hojalyklar bolsa, gapylaryny kakan çagalara toýlarda seçilýän plastmassa oýunjaklary berýärler.


“Başga bermäge zadym ýok, çagalary boş goýbermekden utandym. Şonuň üçin toýlarda çöpläp, ýygnap goýan oýunjaklarymy berdim” diýip, maryly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Hojalyklaryň arasynda bir tegelek çöregi birnäçe bölege bölüp, çagalara paýlaýanlar hem bar.


Habarçylarymyz raýatlaryň arasynda çagalara “gohlaşyp ýürege düşdüňiz, baryň, öýüňiziň öňünde goh ediň!” diýip, olary kowup goýberýänleriň bardygyny hem aýdýarlar.


Möhleti geçen süýji-kökeler

Geçen ýyllardan tapawutlylykda, şu ýyl çagalar hususy dükanlara hem köpçülikleýin häsiýetde aýlanyp, ýaremezan aýdýarlar. Dükan satyjylarynyň arasynda çagalara gowy önümler bilen bir hatarda, ýaramlylyk möhleti geçen süýji-kökeleri, şireli suwlary berenler hem boldy.


“Çagalar bu şireli suwlary ýa-da süýji-kökeleri öýlerine getirip, içmekçi we iýmekçi bolanda, olaryň ejeleri bu önümleriň möhletiniň alty aý öň geçendigini bilip galdylar. Olar bulary çagalaryna bermän, zir-zibile taşladylar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.


Aşgabatly we maryly ene-atalaryň ençemesiniň tassyklamagyna görä, çagalaryň arasynda bu önümleri begenç bilen dessine iýip, saglygy ýaramazlaşanlar hem boldy.




“Dükan satyjylary çagalara möhleti geçen önümleri berip, sogap gazanaryn öýdýärmikä?! Çagalar zäherlense, olar sogap gazanman, azap gazanarlar” diýip, aşgabatly bir ene anonimlik şertinde aýtdy.


Sosial ulgamlarda çagyryşlar

Bu mesele, Instagram we TikTok ýaly sosial ulgamlaryň we IMO messenjeriniň türkmen dilli ulanyjylarynyň arasynda hem gozgaldy. Olar raýatlary “çagalara ýaramlylyk möhleti geçmedik, zyýansyz süýjülikleri bermäge” çagyrdylar.


Azatlyk bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň we Marynyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda söwda we polisiýa resmilerinden teswir alyp bilmedi.


Aý senenamasy esasynda kesgitlenýän we her ýyl dürli senelere gabat gelýän Remezan aýy bu ýyl Türkmenistanda 1-nji martyň säheri bilen başlanýar we 30-njy mart gijesine çenli dowam edýär. 31-nji martyň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.


Balkan welaýatynda bu ýyl çagalar ýaremezan aýdymlaryny Remezan aýynyň başlanmagyna ýarym aý galanda aýdyp başladylar.


Şu aýyň ortalarynda günbatar welaýatdaky habarçymyz häkimiýetleriň çagalaryň ýaremezan aýtmagynyň öňüni almaga çalyşýandygyny aýtdy. Ol çagalaryň ýaremezany Oraza aýynyň başlanmagyna üç gün galanda aýtmalydygy barada ýerli ymamlaryň wagyzlary ýaýradýandygyny hem habar berdi.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Елена Рыбакина получила новую угрозу в чемпионской гонке WTA






В Подмосковье улучшили движение на Волоколамском и Путилковском шоссе

В сборной России поддержали Тюкавина, который получил травму

Владимир Тисленко победил на чемпионате Москвы по лёгкой атлетике

ФСБ показала кадры с места ликвидации боевика, готовившего теракт в Москве