1-nji martda Türkmenistanda hem Remezan aýy başlanýar. Her ýyl däp bolşy ýaly bu senä dört-bäş gün galanda, çagalar öýlere aýlanyp, ýaremezan bentlerini aýdyp başladylar. Bu ýyl çaglaryň sany, geçen ýyllar bilen deňeşdirilende, has köp bolup, olar hususy dükanlara hem aýlandylar.