Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Февраль
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14
15
16 17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28

Aşgabatda Remezan aýynyň öňüsyrasynda itler we pişikler ýok edilýär

0
Türkmenistanda Remezan aýynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda, Aşgabadyň häkimiýetleri paýtagtyň köçelerindäki itleri we pişikleri ýok etmek çärelerini ýene güýçlendirdiler.


Ilatyň gözüniň öňünde bolup geçýän bu çärelere garşylyk görkezýän raýatlara we haýwanlary gorap çykyş edýän aktiwistlere polisiýa işgärleri tarapyndan haýbat atylýar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 28-nji fewralda paýtagtdan maglumat berdi.


“Itleri zäherleýärler ýa-da olary halka bilen tutýarlar, soňra-da armatura bilen ýenjip, öldürýärler. Diri pişikleri bolsa, sumkalara ýygnaýarlar we poligonda dizel ýangyjyny guýup, otlaýarlar” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Janawarlary ýok etmek çäreleri 25-nji fewraldan bäri paýtagtyň protokol köçeleriniň, şol sanda Nurmuhammet Andalyb, Atamyrat Nyýazow köçeleriniň we Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň ugurlarynda alnyp barylýar.


Bu işler şäher häkimliginiň, Jemagat hojalygy müdirliginiň we polisiýanyň 10-dan gowrak işgäri tarapyndan amal edilýär. Olaryň golaýynda öldürilen itleriň we pişikleriň maslyklaryny salmak üçin ýörite döwlet ulaglary hem bar.


Basyşlar we haýbatlar

Ýaşaýjylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, bu çärelere garşylyk görkezip, häkimlik igärlerini Remezan aýynda jandarlara rehim-şepagat etmäge çagyrýan raýatlara hem basyş edilýär.


“Sişenbe güni “Gunça” hyzmat öýüniň golaýynda ilat arasynda “itleri we pişikleri wagşylarça öldürmekde” tanalýan şäher häkimliginiň Begenç atly işgäri ýene itleriň birini tutup, ony gynap we köpçüligiň öňünde bogup öldürdi. Oňa käbir adamlar garşylyk görkezdi. Ýöne Begenji polisiýa işgärleri goldaýandygy sebäpli, bu adamlar polisiýa tarapyndan saklandylar. Olaryň elini gaňryp, olara işden çykaryljakdygy ýa-da işlerinde päsgelçilik dörediljekdigi barada haýbat atdylar” diýip, ýagdaýlara şaýat bolan aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.


Habarçymyz ýurtda haýwanlary gorap çykyş edýän raýatlaryň häkimiýetleriň basyşlary astynda ýaşaýandygyny hem aýdýar.


“Bu raýatlaryň ähli resminamalarynyň düzüwdigine garamazdan, olaryň daşary ýurtlara çykarylmazlygy bilen bagly ýagdaýlar hem köp bolýar” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Änewde hem jandarlar ýok edilýär

Köçelerdäki itleri we pişikleri ýok etmek çäreleri Ahal welaýatynyň Änew şäherinde hem alnyp barylýar. Bu çärelere şaýat bolýan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi häkimiýetleriň Änewiň weterinar klinikasyny ýapmak barada maslahat edýändigi hakynda gürrüňleriň bardygyny hem aýdýar.


Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Aşgabadyň we Änewiň häkimliginden, Jemagat hojalygy müdirliginden we polisiýa bölüminden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi. Redaksiýamyz Änewiň weterinar klinikasy bilen hem habarlaşyp bilmedi.


Türkmen häkimiýetleri itleriň we pişikleriň rehimsiz tutulmagy we ýok edilmegi barada resmi düşündiriş bermän gelýärler. Bu barada resmi metbugatda hem kelam agyz söz aýdylmaýar.


Alabaý itiniň kultuny ösdürmek

Ýöne häkimiýetler bu çärelerini indi 10 ýyla golaý wagt bäri dowam etdirýärler. Bu çäreler, hususan-da, ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň we seneleriň öňüsyrasynda has-da güýçlenýär.


Paýtagtda itleri we pişikleri ýok etmek çäreleri ýanwar aýynda hem batlanypdy.


Geçen ýylyň noýabrynda bolsa, Lebababyň Türkmenabat şäherinde Bitaraplyk we Täze ýyl baýramlaryna görülýän taýýarlygyň arasynda öýsüz haýwanlar ýok edilipdi.


Türkmenistanda öýsüz jandarlara garşy ýyllarboýy ýowuz kampaniýalar alnyp barylýan mahaly, türkmen hökümeti ýurtda alabaý itiniň kultuny ösdürýär, onuň äpet heýkeli dikildi. Şeýle-de, ýurtda alabaý itiniň baýramçylygy we “Halk itşynasy”, “Hormatly itşynas” atlary döredildi.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
ATP

Андрей Рублёв поднялся на восьмое место в обновлённом рейтинге ATP






Синоптик Вильфанд: погода в Москве 8 марта будет теплой

Вторым претендентом на проектирование метро Новосибирска стала питерская компания

Рубль вырос ненадолго: стоит ли сейчас покупать валюту

Мороз, град, ураган и жара: Синоптики дали прогноз на весну-лето 2025 года