Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2025
1
2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15 16 17 18 19 20 21
22
23 24 25 26 27 28
29
30
31

Kanun çykaryjylar Trampy Azatlyk Radiosynyň we beýleki ABŞ neşirleriniň maliýeleşdirilmegini azaltmak baradaky buýrugyny ýatyrmaga çagyrýar

0

ABŞ-nyň onlarça kanun çykaryjysy 25-nji martda Prezident Donald Trampyň ABŞ-nyň Global metbugat gullugyny (USAGM) ýatyrmak baradaky buýrugyny üýtgetmäge çagyrdy we bu ädimiň onuň neşirlerine, şol sanda Azatlyk Radiosyna zyýan ýetirip, diňe Russiýa, Hytaý, Eýran we Demirgazyk Koreýa ýaly ABŞ garşydaşlaryna kömek etjekdigini öňe sürdi.

Kongres agzalarynyň 40-dan gowragynyň gol çekmegine Trampa ýüzlenilip ýazylan hatda USAGM-iň ýapylmagynyň ABŞ-nyň ygtybarlylygyna we dünýädäki at-abraýyna zyýan ýetirjekdigi aýdylýar.

"Has beteri, bu Hawanadan Karakasa, Minskden Tährana çenli aralykda millionlarça adamy ýapyk we çäklendiriji şertlerde goýar, olar daş-töwereklerindäki dünýä barada ýeterlik maglumat alyp bilmez" diýip, hatda bellenýär. "Bu ýerine ýetiriji buýrugy täzeden gözden geçirmegiňize, USAGM-iň we ýaýlym ulgamlarynyň aýgytly işiniň dowam etmegini üpjün etmegiňize çagyrýarys" diýip, kanun çykaryjylar ýazýar.

Wekil Bill Keating (Demokrat-Massaçusets), Wekiller öýüniň Daşary gatnaşyklar komitetiniň Ýewropa boýunça aşaky komitetiniň agzasy, Azatlyk Radiosynyň, Amerikanyň Sesiniň, Erkin Aziýa radiosynyň we USAGM tarapyndan gözegçilik edilýän beýleki habar beriş serişdeleriniň ýapyk jemgyýetlerdäki adamlara ygtybarly we obýektiw maglumatlary almaga mümkinçilik berýän “möhüm ýumşak güýç gurallary” bolup durýandygyny aýtdy.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса