Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2025
1
2
3
4 5 6 7 8 9 10 11
12
13
14
15
16
17
18
19
20
21
22
23
24
25
26
27
28
29
30
31

Çözmesi kynlaşan miras, emläk dawalary halk däplerini 'weýran edýär'

0
Türkmenistanda dowam edýän agyr ykdysady kynçylyklar türkmençilik däplerini, halkyň gadymdan gelýän dogan-garyndaşlyk, özara sylag-hormat, deň-derejeli gatnaşyk, baryp-gelişmek ýörelgelerini ýok edýär, işsizlik, maşgalalaryň garyp düşmegi netijesinde, sähelçe emläk üstünde turýan dawalar görlüp-eşidilmedik derejelere baryp ýetdi diýip, Azatlygyň çeşmeleri habar berýär.
Balkan sebitiniň kazyýet hünärmenleriniň tassyklamagyna görä, soňky ýyllarda kazyýetde seredilýän esasy işler miras dawalary bolup, maşgala agzalary, dogan-garyndaşlar arasynda ozal hiç wagt görülmedik ýagdaýlar döreýär.
Sebitdäki adminstratiw kazyýet işleriniň her aýda 100-den gowragy diňe miras dawasyndan ybarat bolup, bu ilatyň iň esasy meseleleriniň biriniň emläk bölüşmek, ýetdik hakyňy aljak bolmak bolandygyny yşarat edýär diýip, özüni Arazgeldi diýip tanadan kazyýet hünärmeni aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Balkanabatdaky welaýat kazyýetinde seredilýän işleriň köpüsi diňe kwartira, ulag, öý dawalaryndan ybarat bolup, dogan-garyndaşlar arasynda ozallar görlüp- eşidilmedik dartgynly ýagdaýlar döreýär, 'türkmençilikde ozal kän bolmadyk ýa beýle açyk görnüşde ýüze çykmadyk, ýöne kanunda bar bolan miras, emläk meseleleri esasy kelle agyrysyna öwrülýär'.


"Doganlar arasyndaky sylanyşyk, mirasyň kän gep-gürrüň edilmezden körpe ogla galmagy ýaly öňden gelýän türkmençilik däpleri händege atyldy. Häzir bir adamyň ene-atasy aýrylsa, hökmany suratda diýen ýaly mirasy, öýi deň bölüp, puluny paýlaşmak meselesi gün tertibine gelýär" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Mesele agyr tersleşiklere ýazýarÝöne bu mesele diňe kanun esasynda, kazyýet arkaly çözülmän, özara duşmançylyga, uruş-sögüşlere hem ýazyp bilýär.
Golaýda Balkanabadyň Jebel ýaşaýyş toplumynda üç dogan ene-atasyndan galan kottež jaýy we ulagy paýlaşyp bilmän, biri-birine garşy güýç ulanmaga çenli baryp ýetdi. Netijede, körpe ogul urlup-ýenjilip, kelleçanagy ýarylyp, hassahana ýerleşdirildi diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Lukmanlar bu işi polisiýa geçirenlerinden soň, jenaýat işiniň açylmagy bilen, doganlar arasyndaky duşmançylygyň miras dawasyndan gelip çykandygy anyklandy diýip, söhbetdeşimiz kanuny hakyny talap edip, kazyýete ýüz tutmagyň ýerine, “samasud”, özara ýagdaýda kazyýet seljerişligini geçirýänleriň hem köpelýändigini belledi.
Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar miras dawalarynyň köpelmegini soňky ýyllarda çuňlaşan ykdysady kynçylyklar, infilýasia, manadyň hümmetiniň peselmegi, işsizlik bilen baglanyşdyrýarlar.
Synçylar Türkmenistanda dörän agyr ykdysady şertlerde, garyplykda hiç bir kanunyň, şol sanda Ýaşaýyş jaý kodeksiniň hem doganlar, aýrylyşan är-aýal arasynda çözüp bilmejekdigini, nebit-gaza baý ýurtda netijeli ykdysady özgertmeleriň geçirilmelidigini, ýogsa adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň has-da ýaramazlaşmgynyň daş däldigini aýdýarlar.
Mysal üçin, bäş dogan atadan miras galan iki otagly, bahasy 10 müň dollara hem ýetmeýän kwartirany bölüşmek üçin kazyýete gelip, iş açylmagyny soraýar.
Iki otagly jaý pul hasabyna geçirilip, alty dogan arasynda paýlanan ýagdaýynda, olaryň hersine 2 müň dollar hem ýetmeýär diýip, hünärmen aýtdy.


Ýöne, bir tarapdan, Türkmenistanda iki müň dollar hem köp pul hasaplanýar. Ikinji tarapdan bolsa, ene-ataňdan galan kwartiranyň hormat-sylagynyň ýere çalynmagy, adamyň gadyr-gymmaty ýaly bir million dollara çalşyp bolmaýan gymmatlyklaryň iki müň dollara çalşylmagy gaty gynandyryjy ýagdaý bolup, bu zatlar ýalňyş döwlet syýasaty bilen bagly diýip, ýerli hünärmen öz pikirini aýtdy.
'Ýalňyş döwlet syýasatynyň' agyr netijeleriTürkmenistan maglumat üçin ýapyk ýurt bolansoň, Azatlyk ýurduň kazyýetlerinde ýylda seljerilýän kazyýet işleriniň näçe bölegini miras dawalarynyň tutýandygyny anyklap bilmeýär.
Şeýle-de, garaşsyz žurnalistler soňky onýyllyklarda dörän zähmet migrasiýasy we beýleki ýagdaýlar esasynda bozulan maşgalalaryň ýüzbe-ýüz bolýan emläk meseleleri bilen bagly ýagdaýlary doly göz öňüne getirip bilmeýärler.
Ýerli synçylaryň, çeşmeleriň tassyklamagyna görä, Türkmenistanda durmuş gurup, soňra uzak ýaşaman, esasan ykdysady kynçylyklar, eklenç, jaý meseleleri sebäpli aýrylyşýan ýaşlaryň, bozulýan maşgalalaryň, ýetim galýan çagalaryň we ýeke başyna çaga eklemeli bolýan eneleriň sany ýyl-ýyldan köpelýär.
Balkanabatda ýanýoldaşy bilen aýrylyşan gelinleriň öýden kowulmagy, bir ýa-da birnäçe çagasy bilen köçede galmagy adaty ýagdaýa öwrüldi diýip, kazyýet hünärmeni aýdýar.
Azatlyk bu meselä ozal hem ýüzlenipdi.
Türkmenistanda maşgalasy bozulýan, aýrylyşýan raýatlaryň öňki ýyllar bilen deňeşdirilende aşa köpelmegi, bir tarapdan azatlykdan mahrum edilýän adamlaryň sanynyň artmagy, zähmet ýa okuw migrasiýasy bilen, ikinji tarapdan barha agyrlaşýan durmuş bilen baglanyşdyrylýar.
Ýöne bu 'üýtgeşikligi' tassyklaýan ýa inkär edýän anyk sanlar elýeterli däl. Günbatar ýurtlarynyň birinde ýaşaýan türkmenistanly gelniň sözlerine görä, on ýyldan gowrak ozal onuň bilen bir toparda ýokary okuw jaýyny tamamlan kyrkdan gowrak gyzyň ýarysy öz durmuş guran ýigidi bilen aýrylyşypdyr.
Bozulýan maşgalalar, jaýsyz galýan çagaly aýallarTürkmenistanda maşgalanyň bozulmagy, ýa-da gelniň dul galmagy, beýleki kynçylyklar bilen bir hatarda, köplenç agyr jaý meselesini hem ýüze çykarýar.


"Dul galan gelinleriň gaýynlary 'sen oglumyň başyna ýetdiň' diýip, bahana bilen, olary öýden çykaryp kowýarlar. Eger-de gelinleriň kanuny ýoldaşlarynyň öz adyna öý-jaýlary bolmasa, dul galan gelinler hiç ýere arz edip bilmeýärler. Netijede, kähalatda dul galan naçaryň çagalaryny eklemek üçin tas ýekeje ýoly, ten satmak ýa-da pul tapyp, daşary ýurda gitmek çykalgasy galýar. Öýsüz galýan gelinleriň arasynda çagalaryny çagalar öýlerine berýänleriň hem köpelmegi durmuşda dörän adaty bolmadyk kynçylyklara şaýatlyk edýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Azatlyk türkmen häkimiýetlerine, degişli resmilere we hünärmenlere jaň edip, hat ýazyp, bu meseleler boýunça düşündiriş alyp bilmeýär.
Emma muňa garamazdan, türkmen metbugaty kanunçylygyň kämilleşdirilýändigini, raýat dawalarynda ýüze çykýan meseleleriň iş ýüzünde çözülýändigini aýdýar.
1998-nji ýylda kabul edilen Raýat Kodeksi, 2012-nji ýylda kabul edilen Maşgala Kodeksi, 2015-nji ýylda kabul edilen “Notariat we notarial işi hakynda” kanun raýatlaryň hukuklaryny düzgünleşdirýär, şol sanda miras almak hukugyny hem kepillendirýär diýip, Rahym Kemalow, 3-nji derejeli ýurist ýazýar.
Aýdylmagyna görä, bu kanun namalarynda kimiň, haçan we nähili ýagdaýda emlägi miras almak hukugyna eýe bolup bilýändigi anyk görkezilýär, bu kanunlar emläk hukugynyň ýiti meselelerini çözmegiň guraly bolup durýar.
Rahym Kemalowyň ýazmagyna görä, hukugy kadalaşdyryş meseleleriniň derwaýyslygy örän uly bolup, ol kanun ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegini talap edýär.
“Şunuň ýaly zerurlyk dürli-dürli durmuş gatnaşyklary seljerilende, has ýiti ýüze çykýar” diýip, türkmenistanly ýurist şeýle ýagdaýlaryň köplenç är-aýalyň biriniň umumy emläkden beýleki tarapyň paýyny miras almagyna... degişlidigini belleýär.
Türkmenistanyň raýat kodeksiniň 1183-nji maddasyna laýyklykda, miras ýüze çykanyndan soň alty aýyň dowamynda kabul edilmeli we, tejribä görä, miras galdyryjynyň esasy emlägi onuň ýaşaýan jaýy, mellek ýeri, mallary we öz goşlary bolýar.


Kanunyň 1085 maddasyna laýyklykda, miras galdyryjynyň ýaşaýan ýeri miraslyk emläginiň ýüze çykan ýeri diýlip hasaplanýar.
Ýöne, bu ugurdaky kynçylyklaryň barha agyrlaşýandygyna garamazdan, türkmen ýuristleri ýa beýleki resmiler, ykdysatçylar, sosiologlar döwlet eýeçiligindäki metbugatda çykyş edip ýa düşündiriş berip, soňky ýyllarda uly meselä öwrülen miras dawalary, olaryň mümkin bolan çözgüdi, bu agyr ýagdaýa alyp gelen ýa sebäp, esas bolan meseleler, maşgalalaryň sosial goragy barada anyk bir zat aýtmakdan saklanýarlar.
"Kanun maddalaryny, mirasyň doganlaryň arasynda deň bölünmegi baradaky kadalary öz peýdasyna ulanjak bolup, dürli jenaýatlara ýüz urýan adamlar köpeldi, emma häkimiýetler barha ýitileşýän miras dawasyny görmezlige salýarlar" diýip, anonimlik şertinde gürleşen aşgabatly aklawçy Azatlyk bilen anonim söhbetdeşlikde aýtdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus




Лендруш Егикян: человек, который сохраняет высокую миссию быть армянином вдали от Родины

Антиармянские публикации в российском научном журнале «Современная научная мысль»: расследование фонда «Гегард»

Яблоня Сиверса: как скромный аптекарь открыл прародительницу всех яблок

Антитела альпак помогли ученым создать новые методы лечения рака


Cameroon star has said yes to Man Utd transfer but Red Devils face hurdle

Exclusive: Fintech giant Stripe building ‘Tempo’ blockchain with crypto VC Paradigm

AI talent comes at a 30% salary premium: ‘If you try to play catch up later, this is going to cost you even more’

Report: Liverpool decision hands advantage to Man United in midfielder pursuit


"Главный азербайджанец Урала" сдал Алиева. Этот раунд Баку проиграл. Что будет дальше?

Клинический психолог Юлия Тарибо: психологические последствия удаленной работы и способы их преодоления

DCLogic и HIDEN создают альянс для защиты ИТ-инфраструктуры от сбоев в электропитании

Персиковые дожди Колымы...


Modders are trying their hardest to add an NVMe SSD to the Switch 2, which is both impressive and something I'm not going to do

Steam for Chromebooks is getting axed in 2026 instead of exiting its 4-year beta

New study shows that Gen Z is spending way less money on videogames than older gamers

The US Air Force wants to test blowing up Cybertrucks because 'it is likely the type of vehicles used by the enemy may transition to Tesla Cyber trucks'


Овочі можусть стати розкішшю для українців


Директор Росгвардии Герой России генерал армии Виктор Золотов принял участие в заседании Национального антитеррористического комитета

Клинический психолог Юлия Тарибо: психологические последствия удаленной работы и способы их преодоления

Платформа «DатаРу Облако» аттестована для работы с государственными данными и информацией повышенной категории

Побывавший в космосе объектив «Швабе» стал частью коллекции Политехнического музея




РБК: в России нужна срочная вакцинация от менингококковой инфекции

Сотрудники Росгвардии пришли на помощь пенсионеру, внезапно потерявшему сознание в кафе на востоке столицы

Грачья Погосян: достойный пример гуманизма и патриотизма (к 55-летию известного благотворителя)

Семейное приключение на «Кораблике Детского радио»


Подмосковные аграрии ввели в оборот 191 тысячу гектаров сельхозземель за 5 лет

Строительство тоннеля под Транссибом в Кирове набирает обороты

S7 Airlines на 43% увеличила пассажиропоток в бизнес-классе

КУЛИНАРНОЕ РЕМЕСЛО И КУХОННЫЕ ИННОВАЦИИ В США: SKS НА ВЫСТАВКЕ FOOD & WINE CLASSIC


Анна Калинская вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Цинциннати

Александрова пробилась в третий круг турнира в Цинциннати

Вероника Кудерметова в третьем круге турнира WTA: победа в Цинциннати!

Потапова проиграла Свёнтек во втором круге турнира WTA в Цинциннати


S7 Airlines на 43% увеличила пассажиропоток в бизнес-классе

Строительство тоннеля под Транссибом в Кирове набирает обороты

С местными не складывается // Wildberries пока не подтверждает строительство логистического центра в Новинках

Подмосковные аграрии ввели в оборот 191 тысячу гектаров сельхозземель за 5 лет


Музыкальные новости

Здоровье Бориса Щербакова: обновленные сведения от научно-исследовательского центра имени Склифосовского

«Не крякай»: подруга Тимати Валя Иванова резко ответила на неожиданное сравнение с Леной Борщевой

«Мне имя мамы приносило больше проблем»: Рей, дочь певицы Глюкозы, рассказала в «Шоу Воли» про обидные сравнения с мамой

Рыбачка из ЯНАО Иванова уехала за мечтой на Каму, а исполнила в Тюмени. Фото



Платформа «DатаРу Облако» аттестована для работы с государственными данными и информацией повышенной категории

Директор Росгвардии Герой России генерал армии Виктор Золотов принял участие в заседании Национального антитеррористического комитета

Всё об операциях на почках: показания, какие бывают и как проходят

Nexign Interconnect получила сертификат совместимости с российской Java-платформой Axiom JDK


На фоне ограничений из Пулково отменили 18 рейсов

Южной транспортной прокуратурой организована проверка по факту происшествия с парапланеристкой в Чегемском ущелье Кабардино-Балкарской Республики

Собянин заявил об уничтожении пятого БПЛА, который летел на Москву

Орловская область планирует войти в число национальных туристических маршрутов с проектом «Бирюзовое кольцо России»


В Сети появились кадры ДТП с подростками на самокате, которые врезались в столб

Хуснуллин по видеосвязи поприветствовал участников автопробега БРИКС

Выяснились детали смертельной аварии с участием 16-летних самокатчиков на западе Москвы

В Москве на видео попало, как подростка на электросамокате отбросило под автобус


Почему Трамп захотел быстро встретиться с Путиным, объяснил Хазин

Bloomberg: встреча Путина и Трампа означает победу России

В России объяснили скорую организацию встречи Путина и Трампа

Bloomberg: встреча Путина и Трампа сама по себе представляет победу Москвы





Подмосковный травматолог дал советы по выбору рюкзака для первоклассника

Клинический психолог Юлия Тарибо: психологические последствия удаленной работы и способы их преодоления

Здоровье Бориса Щербакова: обновленные сведения от научно-исследовательского центра имени Склифосовского

В регионах центральной России росгвардейцы отметили День физкультурника


«Будет обмен землей»: Трамп поставил Зеленского на место, вызвав панику в Киеве

Политолог: Алиев пересек красную линию и столкнется с ответом Москвы


Соревнования по многоборью кинологов-росгвардейцев завершились в Грозном

«Лето в Москве» в Южном округе объединит спорт, искусство и технологии в ближайшие выходные

В регионах центральной России росгвардейцы отметили День физкультурника

На пенсии отоспишься. 13 идей для ночного досуга в Москве — от тенниса до парилки


Лукашенко получил первую золотую монету из белорусского сырья



Собянин оценил вклад проектов "Город героев" и "Герой моего района

Собянин рассказал о строительстве нового путепровода на северо-востоке Москвы

Собянин объявил об открытии новой детской поликлиники в районе Крюково

Ивлеева предположила, что Трамп увидит метро Москвы и увезет Собянина в США


Что подготовили в павильонах «Музеона» в рамках форума «Москва 2030»

Площадь возгорания на горе Куцай достигла 650 тысяч квадратных метров

В Крыму потушили угрожавший двум селам природный пожар

Хватит морщиться: ученые назвали пользу от участившихся московских ливней


КУЛИНАРНОЕ РЕМЕСЛО И КУХОННЫЕ ИННОВАЦИИ В США: SKS НА ВЫСТАВКЕ FOOD & WINE CLASSIC

Билайн в Татарстане увеличивает емкость сети более чем в 2 раза

Строительство тоннеля под Транссибом в Кирове набирает обороты

S7 Airlines на 43% увеличила пассажиропоток в бизнес-классе


Сотрудниками полиции и Росгвардии задержан гражданин, причастный к поджогу релейного шкафа в Архангельской области

Полицейский погиб при задержании поджигателя релейного шкафа под Архангельском

Орловская область планирует войти в число национальных туристических маршрутов с проектом «Бирюзовое кольцо России»

Здание морского речного вокзала в Архангельске будет обновлено к концу 2026 года


Историко-краеведческая выставка «Древности земли крымской»

Прогноз погоды в Крыму на понедельник

Прогноз погоды в Крыму на 10 августа

Прогноз погоды в Крыму на 11 августа


Билайн в Татарстане увеличивает емкость сети более чем в 2 раза

Подмосковные аграрии ввели в оборот 191 тысячу гектаров сельхозземель за 5 лет

Бесплатные ветеринарные консультации ждут гостей фестиваля «Моспитомец»

Футуристический кластер в парке 50-летия Октября представляет уникальную научную программу в рамках «Москва 2030»












Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
WTA

Потапова проиграла Свёнтек во втором круге турнира WTA в Цинциннати






В доме цыганских баронов вы не найдете туалет: даже у самых богатых они отсутствуют и вот почему

В Кузбассе инспекторы Россельхознадзора досмотрели более 55 тыс. т животноводческой продукции при внутрироссийских ж/д перевозках

Бесплатные ветеринарные консультации ждут гостей фестиваля «Моспитомец»

Рябков: встреча Путина и Трампа придаст новый импульс отношениям РФ и США