Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Август
2025
1
2
3
4 5 6 7 8 9 10 11 12 13 14 15
16
17 18 19 20 21 22
23
24 25 26 27 28 29
30
31

Ysraýyl goşuny Gaza şäherine hüjüm etmäge başlady

0

Ysraýyl harbylary Gaza şäherine hüjüm edip başlady diýip, 20-nji awgust agşamy Ysraýylyň Goranmak güýçleriniň (IDF) metbugat sekretary, general Effie Defrin habar berdi.

Onuň sözlerine görä, IDF bölümleri eýýäm şäher etegine gözegçilik edýärler. Operasiýa ýakyn wagtda goşmaça güýçler hem gelip goşular.

"Parahat ilata ýetjek zyýany azaltmak üçin IDF parahat ilata duýduryş berer we olaryň ewakuasiýa edilmegine ýol berer" diýip, general aýtdy.

Bu operasiýanyň çäginde, sebitlerdäki hökümet işleriniň utgaşdyryjysy, zolagyň günortasynda has köp adam ýerleşdirmek üçin, ol ýerdäki gumanitar infrastrukturany uýgunlaşdyrmak tagallalaryny edýär diýip, Defrin aýtdy.

"Biz Gaza zolagynyň asuda ilatyna kömek bermegi dowam etdirýäris we ony giňeldýäris. Goşmaça kömek paýlaýyş merkezleri dörediler. Bu çemeleşme ilatyň Hamasa garaşlylygyny azaldar" diýip, general sözüniň üstüni ýetirdi.

"The Jerusalem Post" ysraýyl goşunynyň Gaza edýän hüjümine Hamasyň (ABŞ we ÝB tarapyndan terrorçy diýlip kesgitlenen gurama) 10 sany zamuny boşatmak we 60 günlük ýaraşyk girizmek baradaky teklibiniň fonunda başlandygyny belleýär.




Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса