Türkmen okuwçylary abraýly bäsleşikde üstünlikli çykyş etdi
Türkmenistanly okuwçylar 4-6-njy oktýabrda Germaniýanyň Bielefeld şäherinde ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça geçirilen dünýä ýaryşynda üstünlikli çykyş etdiler diýip, türkmen metbugaty habar berýär.
Halkara bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, okuwçylar matematikanyň 23 temasyny öz içine soraglara 2 sagadyň dowamynda ýatdan dogry jogap bermek boýunça bäsleşdiler, şeýle-de olara 5 tema boýunça goşmaça ýumuşlar tabşyryldy.
Çempionata Fransiýa, Çehiýa, Ýaponiýa, Hindistan, Meksika, Müsür, BAE, Günorta Afrika Respublikasy ýaly döwletleriň ýigrimisinden 100-den gowrak ýetginjek gatnaşdy.
Türkmenistanyň sekiz okuwçysy «12 ýaşa çenli» hem-de «12-15 ýaş» toparlary boýunça bäsleşiklere gatnaşyp, ilkinji onluga girmegi başardy.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçysy Mekan Nurgeldiýew, «Kämil bilim» okuw merkeziniň Türkmenabatdaky şahamçasynyň diňleýjisi, 12 ýaşa çenli çagalaryň arasyndaky toparda 2000-den ýokary bal gazanyp, 4-nji orna mynasyp boldy.
Liwanur Berdiýewa, Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi, 12-15 ýaşly ýetginjekleriň arasynda 2000-den ýokary bal gazanyp, 6-njy orna mynasyp bolmagy başardy.
Şeýle-de, Patma Gündogdyýewa, Aşgabat şäherindäki takyk we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 6-njy orta mekdebiň okuwçysy, «Kämil bilim» okuw merkeziniň diňleýjisi, bäsleşigiň «Iň ýaş gatnaşyjysy» diýen kuboga mynasyp boldy diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugatyň habarynda aýdylýar.
2008-nji ýyldan bäri dünýäniň iň zehinli çagalaryny we ýetginjeklerini, öz ýurdunda çempion bolan 100 çemesi okuwçyny her ýyl akyl hasaplamasynyň tolgundyryjy dabarasynda bir ýere jemleýär diýip, JMCWC web sahypasynda aýdylýar.