Balkanda Green Card bijesine gyzyklanma artýar, MHM resminama taýýarlap berýänleri soraga çekýär
Türkmenistanda raýatlaryň arasynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda kanuny esasda hemişelik ýaşaýyş rugsadyny almaga mümkinçilik berýän Green Card bijesine gyzyklanma bildirýänleriň göz-görtele köpelendigini synlasa bolýar.
Bu tendensiýanyň arasynda, Balkan welaýatynyň howpsuzlyk gulluklary Green Card bijesine gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlap bermek hyzmatyny hödürleýän raýatlara garşy reýdleri geçirýärler. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 8-nji oktýabrda sebitden maglumat berdi.
“2-nji oktýabrda Green Card lotoreýasy üçin resminamalaryň doldurylyp başlanmagy bilen, muňa balkanlylaryň, hususan-da, ýaşlaryň arasynda isleg artdy. Häzir Green Card lotoreýasy üçin resminamalary dolduryp bermegi hödürleýän adamlar hem köpeldi” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ýurduň günbatar welaýatynda emele gelen bu tendensiýa Green Card bijesine gatnaşmak isleýänleriň zerur bolan resminamalaryny kabul etmek boýunça nobatdaky möwsümiň başlan mahalyna gabat geldi.
Bu möwsüm her ýylyň oktýabr aýynyň başynda başlanýar we adatça bir aýa golaý wagt dowam edýär. Dalaşgärler şu ýyl DV-2027 meýilnamasy, ýagny 2027-nji ýyl üçin ýüz tutmalary online görnüşde tabşyrarlar.
ABŞ her ýyl Green Card bijesi esasynda 55 müň çemesi daşary ýurt raýatyna öz çäginde hemişelik ýaşamak rugsatnamasyny berýär. Green Card, ýagny Ýaşyl kart bijesine dünýä boýunça her ýyl millionlarça adam gatnaşýar we oňa ýüz tutanlar kompýuterde döredilen, tötänleýin bije çekmek görnüşinde saýlanýar.
"Kepillik berilmeýär"Balkandaky habarçymyz sebit raýatlaryna Green Card bijesine gatnaşmak üçin resminamalary taýýarlap bermek hyzmatyny hödürleýän raýatlaryň her bir adamdan 500 manat we 1 ABŞ dollary möçberinde töleg alýandygyny aýdýar.
“Anketany dolduryp berýän taraplar adamlara lotoreýada utjagyna kepillik bermeýändiklerini öňünden duýdurýarlar. Olar bu adamlardan Green Card çykmasa, ýagny bijede utuş gazanmasa pullaryny yzyna almajakdygy hakda dil haty hem alýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly balkanabatly ýene bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.
Ol bu ýagdaýlara garamazdan, raýatlaryň Green Card bijesi üçin zerur bolan resminamalary dolduryp, tabşyrmaga howlugýandygyny hem belleýär.
Balkanlylaryň ençemesiniň aýtmagyna görä, sebitde bu bijä islegiň artmagyna, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň arasynda, ýurtda “respressiw we ykdysady basyşlaryň güýçlenmegi” sebäp bolýar.
“Adamlar ABŞ-a gitmegi soňky umyt hökmünde görýärler. Şol sebäpli öz bagtyny synap görmek maksady bilen, Green Card bijesine ýüz tutýarlar” diýip, balkanabatly ýaşaýjy belledi.
Reýdler, haýbatlar...Bu tendensiýanyň arasynda, welaýatyň howpsuzlyk gulluklary Green Card bijesine gatnaşmak üçin zerur bolan resminamalary taýýarlap we dolduryp bermek hyzmatyny hödürleýän raýatlara garşy reýdleri hem geçirýärler.
“Käbir raýatlar özleriniň hödürleýän bu hyzmatlary barada TikTok ýaly sosial ulgamlardaky sahypalarynda mälim edip, wideo çap edýärler. Ardan bir-iki gün geçensoň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň (MHM) ýerli işgärleri olary çagyryp, soraga çekýärler” diýip, ýagdaýlardan gönüden-göni habarly balkanly çeşmämiz gürrüň berdi.
Onuň tassyklamagyna görä, olardan bu wideolary aýyrmak talap edilip, olar dürli gorkuzmalara we haýbatlara sezewar edilýärler. Ýöne olara bu çäreleriň sebäpleri düşündirilmeýär.
“Mundan beýläk beýle hyzmat hödürleseň, türmä basarys. Hökümet ilatyň Amerika gitmegine garşy” diýip, çeşmämiz MHM işgäriniň soraga çekilen balkanly ýaşaýja aýdan sözlerini sitirledi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Balkanyň degişli häkimiýetlerinden, şol sanda Polisiýa müdirliginden telefon arkaly teswir almak synanyşyklary oňyn netije bermedi.
Şu ýylyň maý aýynda Balkandaky çeşmelerimiz türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň bijede utuş gazanyp, Amerika syýahat etmäge taýýarlyk görýän raýatlary soraga çekýändigini habar beripdiler. Şonda olar howpsuzlyk gulluklarynyň ABŞ-ny garalaýandygyny hem aýdypdylar.
Islegiň artmagy we gadaganlykTürkmenistanyň raýatlarynyň arasynda ABŞ-a barmaga, şol sanda Green Card bijesine gatnaşmaga islegler soňky ýyllarda ep-esli artdy. Bu karta ýüz tutup, utuş gazanýan türkmenistanlylaryň sany boýunça bar bolan statistiki sanlara görä, soňky on ýyl çemesi wagtyň dowamynda Green Card-da utuş gazanýan türkmen raýatlarynyň sany 14 esse töweregi ýokarlandy. ABŞ-da ýaşaýan we göçüp barýan türkmenistanlylaryň sanynyň köpelmegini sosial ulgamlardaky maglumatlar hem görkezýär.
Şol bir wagtda, Birleşen Ştatlar soňky wagtlarda öz içinde immigrasiýa syýasatyny berkleşdirip başlady. ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp daşary ýurt raýatlaryna bije görnüşinde ýaşaýyş rugsatnamalarynyň berilmegine-de garşy çykyp gelýär.
Trampyň 4-nji iýunda gol çeken we 9-njy iýunda güýje giren kararyna laýyklykda bolsa, Türkmenistany hem öz içine alýan ýedi ýurduň raýatlaryna Birleşen Ştatlara hemişelik, turist ýa-da student wizasy bilen gelmegine bölekleýin gadaganlyk girizildi. Bu gadaganlygyň Green Card bijesinde utuş gazanýan türkmenistanlylara haýsy hem bolsa göni ýa-da gytaklaýyn täsiriniň bardygy ýa-da ýokdugy häzirlikçe nämälim bolmagynda galýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.