Türkmenistan Metbugat azatlygy hasabatynda ýene iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda galdy
Türkmenistan dünýä ýurtlarynda metbugat azatlygynyň ýagdaýyna syn edýän “Serhetsiz habarçylar” (RSF) guramasynyň täze hasabatynda ýene metbugat azatlygy boýunça iň ýaramaz ýagdaýdaky ýurtlaryň arasynda ýerleşdirildi. Guramanyň 30-njy aprelde çap eden “2026 World Press Freedom Index” atly ýyllyk hasabatynda Türkmenistan 180 ýurduň arasynda 173-nji ýeri eýeledi.
Guramanyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň başlygy Žanna Kawalýe (Jeanne Cavelier) Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanda ýagdaýyň örän çynlakaý bolmagynda galýandygyny we metbugat azatlygynyň asla ýok diýen ýalydygyny aýtdy.
“Bu dünýäde iň berk gözegçilik edilýän maglumat ulgamlarynyň biridir. Syýasy görkeziji boýunça ýurt dünýäde iň pes orunda durýar, bu bolsa ähli habar beriş serişdelerine döwletiň doly gözegçilik edýändigini görkezýär. Ýurduň içinde garaşsyz habar beriş serişdeleri ýok. Žurnalistika arassa propaganda derejesine getirildi, bu ýerde her bir söz manipulýasiýa edilýär we režimiň gürrüňlerine hyzmat edýär” diýip, Kawalýe aýtdy.
"Repressiýa diňe ulgamlaýyn däl, eýse rehimsiz"Ol Türkmenistanda repressiýanyň diňe bir ulgamlaýyn bolmak bilen çäklenmän, eýse rehimsizdigini hem belläp, žurnalistleriň ýa-da olaryň çeşmeleriniň yzarlamalara, bikanun tussaglyga ýa-da hatda mejbury psihiatrik tussaglyga sezewar edilýändigini aýtdy.
“Soltan Açylowanyň ýurtdan çykmagynyň öňüniň alynmagy we zor bilen izolýasiýa edilmegi ýa-da Hudaýberdi Allaşowyň ýyllarboýy dowam eden yzarlamalardan soň ölmegi töwekgelçiligiň aýdyň mysalydyr. Howpsuzlyk görkezijisi has az howsalaly görünse-de, ol örän ýalňyşdyryjydyr. [Sebäbi bu görkeziji] garaşsyz žurnalistleriň howpsuzlygynyň [derejesini] däl-de, olaryň ýoklugynyň [derejesini] görkezýär” diýip, Kawalýe belledi.
Türkmenistanda adaty raýatlaryň ýüzbe-ýüz bolýan gündelik ýagdaýlary, şol sanda pagtaçylyk pudagyndaky mejbury zähmet, azyk gytçylygy we döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň zähmet haklarynyň gijikdirilmegi ýaly meseleler barada ýurduň içinden habar beren Allaşow, uzaga çeken yzarlamalardan soňra, 2024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Köneürgenç şäherinde aradan çykdy, 14-nji awgustda jaýlandy.
Garaşsyz žurnalist Açylowa Türkmenistandan Ženewa uçjak mahaly, birnäçe gezek ýolundan saklandy. Şol wakalaryň birinde, ol zor bilen hassahana ýerleşdirildi. Bu waka hukuk toparlary, şol sanda Human Rights Watch guramasy, Halkara adam hukuklary hyzmatdaşlygy (IPHR) we Adam hukuklary boýunça Türkmen inisiatiwasy topary, şeýle-de ýerli ýaşaýjylar tarapyndan ýazgaryldy.
"Repressiýanyň doly, gurluşly we dowamly bolan modelinde gabalyp galdy"“Serhetsiz habarçylar” (RSF) guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary bölüminiň başlygy Türkmenistanda gorkynyň, gorkuzmanyň we öz-özüňi senzura etmegiň höküm sürýändigini we repressiýanyň ýurduň serhet araçäkleriniň daşyna çykýandygyny aýtdy.
“Sürgündäki garaşsyz media yzygiderli basyş astynda habar bermegini dowam etdirýän mahaly, öýlerindäki [Türkmenistandaky] maşgalalary nyşana alynýar” diýip, Kawalýe belledi.
Şeýle-de, ol ýurtda sanly senzuranyň hem güýçlenýändigini, Internet elýeterliliginiň çäkli bolmagynyň, VPN-leriň bloklanmagynyň we doly gözegçiligiň ilaty ygtybarly maglumatlardan daşlaşdyrýandygyna hem ünsi çekdi.
“Türkmenistan diňe reýtingiň iň aşagynda däl, eýsem ol repressiýanyň doly, gurluşly we dowamly bolan modelinde gabalyp galdy” diýip, ol sözüni jemledi.
Täze hasabatda reýtingiň iň aşaky böleginde ýerleşdirilen Belarus (165-nji orun), Azerbaýjan (171-nji orun), Russiýa (172-nji orun) we Türkmenistan (173-nji orun) syýasy görkeziji boýunça dünýäde iň ýaramaz bahalaryň käbirine eýe bolup, olar 100 baldan 22 bilen 32 bal aralygynda tapawutlanýar.
Hasabatda 180-nji orunda Eritreýa, 179-njy orunda Demirgazyk Koreýa, 178-nji orunda Hytaý, 177-nji orunda Eýran, 176-njy orunda Saud Arabystany, 175-nji orunda Owganystan we 174-nji orunda Wýetnam ýerleşdirilipdir.
Bu ýyl metbugat azatlygy hasabatynda Norwegiýa 1-nji orunda ýerleşdirilýär. Ony Niderlendlar, Estoniýa, Daniýa, Şwesiýa, Finlýandiýa, Irlandiýa, Şweýsariýa, Lýuksemburg, Portugaliýa, Çehiýa ýaly ýurtlar yzarlaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
