Mary welaýatynyň Türkmengala we Ýolöten etraplarynda gyş pasly maldarlar üçin agyr geçdi. Maldarçylyk bilen meşgullanýan hojalyklar, şol sanda dowardarlar iri we ownuk şahly mallaryny önümliligi pes öri meýdanlarynda talabalaýyk gyşladyp bilmedi.
Ahal welaýatynyň edara-kärhanalarynda işgärlerden sosial media hasaplaryny ýapmaklyk talap edilýär. Öňler diňe harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine degişli bolan bu düzgün ýönekeý býujet işgärlerini Internet hasaplaryny ulanmagy dowam etdirmek üçin, özbaşdak çykalga gözlemäge iterýär.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde häkimiýetler dört-bäş gün öňünden, 17-nji martda Nowruz baýramçylygy mynasybetli köpçülik çäresini gurnap, döwlet telewideniýesine wideo ýazgy etdirdiler. Bu çärä býujet edaralarynyň işgärleri, talyp ýaşlar we ýokary klas mekdep okuwçylary gatnaşdyryldy.