Makedoniýadaky referenduma ses berijileriň gerekli sany gelmändir
Duşenbe güni ir bilen sesleriň 98.6%-niň sanalmagy netijesinde, ses berijileriň 91.5%-niň ýurduň adyny Demirgazyk Makedoniýa respublikasy diýip üýtgetmek ylalaşygyny goldandygy habar berlipdi.
Emma, bu planlara garşy çykýanlaryň, şol sanda prezident Gjorge Iwanowyň we parlamentdäki oppozisiýanyň yglan eden boýkoty netijesinde, Makedoniýanyň ses bermäge hukugy bolan 1.8 million raýatynyň diňe 36.9%-i ses bermäge gelipdir.
“Bu referendum netijäniň kabul edilmändigini görkezdi” diýip, Makedoniýanyň döwlet saýlaw komissiýasynyň başlygy aýtdy.
