Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Новости за 30.10.2018

Tanymal täjik kinorežissýory Marat Orifow 83 ýaşynda aradan çykdy

Azathabar.com 

Täjik kinorežissýory we aktýory Marat Orifow 83 ýaşynda Duşenbede aradan çykdy. Onuň sungat işi sowet döwründe baýraga mynasyp bolupdy. Orifowyň gyzy Marianna Orifowa Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda kakasynyň 29-njy oktýabrda giçlik aradan çykandygyny aýtdy. Orifow Täjigistanyň tanymal aýdymçysy we aktrisasy Tuhfa Fozilowanyň maşgalasynda 1935-nji ýylda Duşenbede dünýä inipdi. Ol “Şahyryň ykbaly”, “Gabaw” we “Kawe demirçi ussa” ýaly filmlerde ýerine ýetiren rollary üçin 1960 we 1970-nji ýyllarda uly meşhurlyk gazandy.

Millionlarça adam Karbaladäki şaýylaryň mukaddes zyýaratgählerine barýar

Azathabar.com 

Şaýy musulmanlarynyň her ýyl belleýän “Arbain” ýa-da “Ziara” atly mukaddes baýramy mynasybetli şu hepde tutuş dünýäden millionlarça adam Yragyň Karbala şäherinde ýerleşýän şaýylaryň mukaddes zyýaratgählerine barýar. Bu zyýaratgähler şaýy musulmanlarynyň iki sany hormatlanýan ymamynyň hatyrasyna dikeldilendir. Olaryň biri Muhammet pygamberiň agtygy Hüsseýin, beýlekisi Muhammet pygamberiň öweý dogany Abbasdyr. Bu çäre mynasybetli her ýyl 10-20 million adam Karbala şäherine barýar. Şaýy zyýaratçylary Yrakdan... Читать дальше...

Hytaýyň we Hindistanyň Eýrandan nebit satyn almagy dowam etdirjekdigi aýdylýar

Azathabar.com 

Birleşen Ştatlaryň Eýranyň nebit pudagyna täsir etjek sanksiýalarynyň 5-nji noýabrda güýje girmegine sanlyja gün galanda, Tähranyň iň esasy iki müşderisi – Hindistan we Hytaý – tutuş dünýäde öwezini doljak ätiýajyň ýokdugyny aýdyp, öz söwdalaryny nol derejä düşürmek barada Waşingtonyň edýän çagyryşlaryna garşylyk görkezýärler diýlip, media habarlarynda aýdylýar. Waşington 2015-nji ýylda dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen Eýranyň arasynda gelnen ýadro ylalaşygyndan çykandan soňra Tährana garşy sanksiýalaryny gaýtadan güýje girizýär. Читать дальше...

Gazak prokurory awtobus ýangyny bilen bagly tussag edilenlere bäş we ýedi ýyl kesilmegini soraýar

Azathabar.com 

Gazagystanyň döwlet prokurory şu ýylyň ýanwar aýynda 52 özbek raýatynyň ölümine sebäp bolan awtobus ýangyny bilen bagly sud işinde bäş gazak raýatynyň türme tussaglygyna höküm edilmegini soraýar. 30-njy oktýabrda Osman Orynbasaruly kazydan bu sud işi bilen bagly tussag edilen adamlaryň günäli tapylmagyny sorady. Gazak prokurory Gazagystanyň “Aziýa tranzit serwis” kompaniýasynyň üç sürüjisiniň bäş ýyl we iki sürüjisiniň ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegine çagyryş etdi. Kompaniýanyň... Читать дальше...

AÝ/AR habaryndan soň, özbek premýer-ministriniň orunbasary wezipesinden boşadyldy

Azathabar.com 

Özbek prezidenti Şawkat Mirziýoýew premýer-ministriň orunbasary Zoýýir Mirzaýewi eýeleýän wezipesinden çetleşdirdi. Bu waka Mirzaýewiň ýurduň çetki territoriýalaryna eden soňky saparynyň dowamynda daýhanlary kemsidendigi barada Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynda maglumatyň çap edilmeginiň yz ýanyna gabat geldi. 27-nji oktýabrda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Özbek gullugy köpçülikde giňden ýaýran suraty derňänden soňra maglumat çap etdi. Suratda Daşkent regionynyň ýerli resmileriniň we daýhanlarynyň... Читать дальше...

Aşgabatda uçar ýolagçylary 'prezidentiň sapary sebäpli' uçardan galdy

Azathabar.com 

13-nji oktýabrda Aşgabatdan Pariže we Frankfurta barýan uçarlar öňünden duýdurylmazdan wagtyndan ir ugrap, öz ýolagçylarynyň ençemesini galdyryp gitdiler, diýip Azatlygyň çeşmesi bu ýagdaýy başdan geçiren ýolagçylara salgylanyp, habar berdi. Efirden adynyň tutulmazlygyny soran çeşmämiz bu ýagdaýyň 13-nji oktýabrda ir sagat 11-den geçende ugramaly uçarlaryň birnäçe sagat öňünden başlanýan registrasiýasynyň birden bes edilip, ýolagçylary aljyraňňy ýagdaýda galdyrandygyny belledi.  "Registrasiýa başlanyp... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса