Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Новости за 19.10.2018

HORMATLY ARKADAG: Belki sport ulagyňyzda uzakrak bir ýere gidersiňiz!

Azathabar.com 

Hormatly Arkadag... Siz walýuta bazarynda tertip-düzgüni haçan ýola goýarsyňyz? Goý bankda walýuta ýok. Walýuta operasiýalary gadagan edilýär. Gara bazar bar, bu-da gowy... goý şeýle bolsun... Niýazow döwründe-de şeýledi. Emma onuň muny hemişe saklamaga mümkinçiligi ýetmeýärdi. 4-5 man. Indi? Näme? 20 man. Bir dollar! Bar zadyň, hatda dermanlaryň nyrhynyň dowamly aýylganç galýan wagtynda! Meniň aýlygym 50 dollara düşýär üç çagam we aýalym maýyp! Şeýle adamlar köp.  Türkmenistan esasan importyň hasabyna ýaşaýar. Читать дальше...

Aşgabadyň aeroportunda uçara münjek ýolagçylar bilen ýygnak geçirildi

Azathabar.com 

10-njy oktýabrda 921 uçuş belgili Aşgabat-Stambul saparyny ýerine ýetirýän ýerli wagt bilen sagat 18:40-da uçmaly uçaryň ýolagçylary garaşylmadyk ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz bolupdyr. Migrasiýa gullugynyň işgärleri olar bilen adatdan daşary ýagdaýda ýörite ýygnak geçiripdir.

Aşgabatda çörek önümleri we import edilýän un gymmatlaýar

Azathabar.com 

Türkmenistanyň döwlete degişli dükanlarynda un tas satylmaýan mahaly, paýtagtyň bazarlarynda we hususy eýeçilikdäki dükanlarynda Orsýet hem-de Gazagystan ýaly daşary ýurtlarda öndürilen unuň bahasy barha gymmatlaýar.

Aşgabadyň azyk dükanlarynda möhleti geçen harytlar satylýar

Azathabar.com 

Aşgabadyň azyk dükanlarynda möhleti geçen harytlar satylýar. Azatlyk Radiosynyň türkmen paýtagtyndaky habarçysynyň sözlerine görä, möhleti geçen harytlar Aşgabadyň hem döwlet, hem-de hususy dükanlarynda duş gelýär.  "Köplenç gaba gaplanan ýarma heňli bolýar. Bu hem bahalaryň yzygiderli galýan wagtynda. Düýn meniň tanyşym Ors bazaryndaky supermarketleriň birinde orsýetli süýjüleri satyn aldy, aýyjyklar şekilli süýji 88 manatdan. Olaryň içi gurçukly bolup çykdy" diýip, Azatlygyň habarçysy aýtdy. Читать дальше...



Eýran Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berdi

Azathabar.com 

Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda iki ýyl bäri dowam edýän gaz dawasy bilen baglanyşykly Eýranyň Milli gaz kompaniýasy Halkara arbitraž suduna arza bilen ýüz tutdy. Bu barada Eýranyň nebit-gaz kompaniýasynyň başlygy Hamid Reza Araki “Tasnim” neşirine maglumat berdi. Maglumata görä, Eýran Türkmenistany akdyrýan gazyny gyş möwsümi öňünden duýduryş bermezden kesmekde aýyplaýar. Bu waka awgustda Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni bu mesele bilen baglylykdaky maliýe ýagdaýlary boýunça Halkara... Читать дальше...

Putin ýadro ýaragyny diňe “jogap” hökmünde ulanjakdygyny aýtdy

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin öz ýurdunyň ýadro ýaragyny diňe ýadro hüjümine gaýtawul, jogap hökmünde ulanjakdygyny aýtdy. “Biziň ýadro ýaraglar boýunça strategiýamyz irki urgyny göz öňünde tutmaýar. Biziň konsepsiýamyz diňe hüjüme jogap bermek ýörelgesine esaslanýar” diýip, Putin Soçide eden çykyşynda belledi. “Biz Russiýanyň territoriýasyna hüjüm edilendigi anyklanan pursadynda,  bu sanlyja sekuntda bolup geçýär, diňe şol pursatda jogap urgusyny ederis” diýip, Putin aýtdy. Şeýle-de... Читать дальше...

ABŞ-nyň wekili: Putin Ukrainadaky saýlawlaryň netijelerine garaşýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Ukraina boýunça ýörite wekili Kurt Wolker – Moskwanyň Ukrainadaky saýlawlaryň netijesinde käbir üýtgeşmelere garaşýandygyna çalym edýändigi üçin – Ukrainanyň gündogaryndaky konflikti bes etmek boýunça öňegidişlikleriň boljakdygyna garaşmaýandygyny aýtdy. “Meniň pikirimçe, ruslar Ukrainadaky saýlawlaryň netijelerine, soňy bilen näme boljakdygyna garaşýarlar. Belki-de, ýagdaýlar Russiýanyň haýryna üýtgemegi mümkin. Men olaryň mundan peýdalanjakdygyny çaklaýaryn” diýip, Wolker Waşingtonda Atlantik Geňeşiniň mejlisinde çykyş etdi. Читать дальше...

Tramp Khaşoggini saudlaryň öldürendigi anyklansa, munuň ‘agyr’ netijeleriniň boljakdygyny aýtdy

Azathabar.com 

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp eger-de žurnalist Jamal Khaşogginiň ýitirim bolmagynda saud resmileriniň jogapkärdigi anyklansa, onda munuň “örän agyr” netijeleriniň boljakdygyny duýdurdy. ABŞ-nyň raýaty Khaşoggi 2-nji oktýabrda saudlaryň Stambuldaky konsulhanasyna gireninden soň, ýitirim bolupdy. Türk habar serişdeleri saud ýolbaşçylarynyň ýiti tankytçysy Khaşogginiň konsulhanada öldürilendigini we jesediniň böleklere bölünip, ýok edilendigini öňe sürdüler. Saud resmileri bu aýyplamalary “esassyz” atlandyryp, olary ret etdiler. Читать дальше...

Nawalny “duel” çakylygyny kabul etdi

Azathabar.com 

Russiýanyň oppozisiýa lideri Alekseý Nawalny ýurduň milli gwardiýasynyň başlygynyň duele çakylygyny kabul edip, onuň geçirilmeli ýerini we ‘ýaragyny’ hödürledi. Nawalny özüniň YouTube kanalynda ýerleşdiren wideosynda Rosgwardiýanyň başlygy Wiktor Zolotowa ýaňsylama bilen “sag bolsun” aýdyp, telewideniýede debatlary, ýagny çekeleşikleri geçirmegi hödürledi. Mundan birnäçe hepde öň – ozalky metalurgiýa işgäri we prezident Wladimir Putiniň howpsuzlyk gullugynyň başlygy bolan – Zolotow Nawalnyny duele çagyryp... Читать дальше...

ABŞ-nyň resmileri Gandagaryň polisiýa başlygynyň öldürilmegini ýazgardylar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň resmileri Owganystanyň gündogarynda – milli saýlawlaryň geçirilmegine iki gün galanda – täsirli polisiýa başlygynyň öldürilmegini ýazgaryp, owganlary özlerini gorkuzmaga rugsat bermän, saýlaw uçastoklaryna barmaga çagyrdylar. ABŞ-nyň goranmak sekretary Jim Mattis Gandagaryň polisiýa başlygy general Abdul Razikiniň öldürilmegini “bir watançynyň pajygaly ýitgisi” diýip, atlandyrdy. Maglumata görä, Razikini öz janpenasy atypdyr. ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo hem Razikiniň we hüjümde... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса