Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Russiýa Britaniýanyň Arktikada harbylaryny ýerleşdirmek planlaryna garşy çykdy

0
Russiýanyň Londondaky ilçihanasy Britaniýanyň – barha artýan rus agresiýassyna garşy durmak diýen kesgitlemesi bilen – öňümizdäki ýyldan başlap Arktikadaky harby düzümini artdyrmak planlaryna garşy çykdy.


Britaniýanyň goranmak sekretary hökümetiň “Arktikany goramak strategiýasyny” taýýarlaýandygyny we onuň çäginde 2019-njy ýylda Norwegiýada täze harby bazany esaslandyrmak üçin, ol ýerä 800 harby we deňiz gullukçylaryny ýollajakdygyny mälim etdi. Bu barada Gawin Williamson “The Sunday Telegraph” neşirine interwýu berdi.


Maglumata görä, Britaniýanyň bu baradaky netijesi Russiýanyň Arktikada harby we senagat mümkinçiliklerini artdyrmagynyň yz ýanyna gabat geldi. Bu sebitde entek ellenmedik uly energiýa gorlarynyň bardygy aýdylýar.


“Biz rus submarinalarynyň Sowuk urşy döwründäki derejesine golaý ýagdaýda hereket edip başlandygyny görýäris. Biziň muňa jogap berip başlamagymyz dogry bolar” diýip, Williamson belledi.


Williamsonyň belliklerinden soň, rus ilçihanasy Arktikada harbylaryň ýerleşdirilmegine garşy çykdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса