Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Orsýetde bolan ýol hadysasynda azyndan 13 adam heläk boldy

0
Orsýetiň Twer şäheriniň golaýynda, Moskwanyň 180 kilometr demirgazyk-günbatarynda bolan ýol hadysasynda azyndan 13 adam heläk boldy.


Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi we ýerli polisiýa 5-nji oktýabrda “Ford” minibusy bilen LiAZ awtobusynyň çakyşmagy netijesinde ýolgaçylaryň wepat bolandygyny aýtdylar.


Azyndan 17 adam ýaralandy we olaryň käbiri gyssagly ýagdaýda ýerli hassahana ýerleşdirildi. 


Wakanyň bolan ýerine halas ediş we saglyk işgärleri geldiler.


Twer regionynyň gubernatory Igor Rudenýa hem hadysanyň bolan ýerine geldi.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса