Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Tramp binasyndaky duşuşyklar, Kreml intrigalary bilen ilteşikli prokuror dikuçar heläkçiliginde öldi

0
2016-njy ýylda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň prezidentlik kampaniýasy mahalynda Tramp binasynda uly derejeli amerikan resmileri bilen duşuşan rus ýuristi Nataliýa Weselnitskaýany ugrukdyran uly derejeli rus resmisi dikuçar hadysasynda heläk boldy.


Rus mediasy 4-nji oktýabrda Orsýetiň baş prokurorynyň orunbasary Saak Albertowiç Karapetýanyň Kostroma regionyna uçup barýan wagtynda, dikuçary tokaýa ýykylyp, 3-nji oktýabrda ölendigini habar berdi.


Orsýetiň “Interfax” habar gullugy Karapetýany alyp barýan dikuçaryň Wonişewo obasynyň golaýyndan tapylandygyny, dikuçaryň pilotynyň we onuň ýanyndaky üçünji adamyň hem heläk bolandygyny habar berdi.


58 ýaşyndaky Karapetýan, aýdylmagyna görä, prezident Wladimir Putiniň buýruklary esasynda iň aýylganç ýumuşlaryň ýerine ýetirilmegi bilen ilteşikli hasaplanýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса