Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Hökümet HWF-dan gyssagly karz sorajagyny aýdanyndan soň, Pakistanyň puly 7% hümmetini gaçyrdy

0
Pakistanyň milli puly, hökümet Halkara walýuta fondundan adatdan daşary halas ediş karzyny sorajagyny aýdanyndan soň, 7 prosente çenli hümmetini gaçyrdy.


Pakistani rupiýesiniň dollaryň garşylygyndaky bahasy 9-njy oktýabrda 133.6-da saklanýança gysga wagt 138-e baryp ýetdi. 8-nji oktýabrda, bu habar yglan edilmezinden öň, dollaryň bahasy 124.3 rupiýedi. 


Pakistanyň delegasiýasy HWF-nyň resmileri şu hepdäni aýagynda, Indoneziýada duşuşar.


Halkara walýuta fondy geçen hepde sapar edeninden soň, Pakistanyň düýpli ykdysady synaglar bilen ýüzbe-ýüz durandygyny, ösüşiň pesdigini, býujetde we häzirki hasaplarda ýetmezçiligiň uludygyny, walýuta ätiýaçlyklarynyň azdygyny aýtdy.


Pakistan Hytaýdan hem täze karz almaga çalyşýar, ýogsa Pekin bu ýurtda bilelikdäki transport we energiýa talamalaryna uly maýa ýatyrdy.


Pakistanyň merkezi banky 9-njy oktýabrda beýanat çap edip, rupiýäniň hümmetiniň peselmeginiň bölekleýin nebit bahalarynyň galmagy bilen baglydygyny aýtdy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса