Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Tatarystanda Hizb ut-Tahririň liderleri bolmakda aýyplanýan iki adam tussag edildi

0
Russiýanyň Tatarystan respublikasynda Hizb ut-Tahrir yslam toparynyň liderleri bolmakda güman edilýän iki adam tussag edildi.


Paýtagt Gazanyň Wakhitow etrap sudy Rais Gimadaýewi we Ildar Ahmetzýanowy deslapky tussaghana ýerleşdirmek barada höküm çykardy.


Gürrüňi gidýän iki adam ekstremizm düşünjelerini ýaýradýandygy aýdylýan Hizb ut-Tahiriň Tatarystandaky bölümine ýolbaşçylyk etmekde aýyplanyp, 11-nji oktýabrda tussag edilipdi.


Düýbi Londonda ýerleşýän Hizb ut-Tarir dünýädäki ähli musulmanlary birleşdirip, Haliflygy döretmegi maksat edinýär.


2003-nji ýylda Russiýanyň Ýokary Sudy topary gadagan etdi, şeýle-de onuň agzalaryny “ekstremist” atlandyrdy.


Hizb ut-Tahririň agzalary toparyň parahatçylykly maksatlary öňe sürýändigini aýdýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса