Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Russiýada ruhy hassalar üçin keselhanadaky ‘bidüzgünçilik’ derňelýär

0
Russiýanyň Çelýanbinsk regionynda resmiler ruhy hassalar üçin keselhanada gartaşan bir adama “erbet çemeleşilendigi” diýilýän aýyplama esasynda derňewe başladylar.


Internetde keselhananyň iki işgäriniň bir ýaşuly adama aýakgaplary zyňyp, soňy bilen onuň üstünden gülýän pursatlaryny görkezýän wideo peýda boldy. Munuň yzy bilen, Derňew Komitetiniň ýerli edarasy deslapky derňewe başlandygyny mälim etdi.







Wideoda işgärleriň biriniň ýaşuly adamyň ýanbaşyna depýändigini hem synlasa bolýar. Wideo Magnitogorsk şäheriniň ruhy hassalar üçin 5-nji keselhanasynda surata düşürildi.


Bu aralykda, keselhananyň direktory Aleksandr Belikow eýeleýän wezipesinden boşadyldy. Mundan öň, ol wideonyň özüniň gözegçilik edýän keselhanasynda iýun aýynda surata düşürilendigini tassyklapdy.


Saglyk ministrliginiň ýerli edarasy hem ministrligiň “hassanyň haklarynyň depelenmegi” boýunça derňewe başlandygyny yglan etdi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса