Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Balkanda polimer zawody ulanyşa berildi

0
Türkmenistanyň Balkan welaýatynda umumy bahasy 3.4 million dollarlyk polimer zawodynyň – polietilen we polipropilen önümçiligi boýunça gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy geçdi.


Türkmen resmileriniň maglumatyna görä, Gyýanly şäherçesindäki desganyň ýylda 5 milliard m3 gazy gaýtadan işläp, 386 müň polietileni we 81 müň tonna polipropileni öndürmäge mümkinçiligi bar. Gürrüňi gidýän maddalar plastigi ýasamakda ulanylýar.


Türkmen emeldarlary bu desganyň ýurduň nebit-gaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, şeýle-de türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna ýardam berjekdigini aýdýarlar.


Polimer zawodynda öndüriljek himiki serişdeler Hytaýa, Hindistana, Türkiýä, Ýewropa we beýleki Merkezi Aziýa döwletlerine eksport ediler.


Desga Günorta Koreýanyň LG International Corporation, Hyundai Engineering Corp. Ltd we Ýaponiýanyň TOYO Engineering kompaniýalarynyň konsortsiumy tarapyndan guruldy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса