Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Bolgar žurnalistini öldürmekde aýyplanýan Bolgariýa ekstradisiýa edildi

0
Bolgariýaly žurnalist Wiktoriýa Marinowany zorlamakda we öldürmekde aýyplanýan Germaniýadan Bolgariýa ekstradisiýa edildi.


Ýerli mediada 20 ýaşly bolgariýaly Sewerin Krasimirow diýlip tanyşdyrylan aýyplanýanyň Sofiýanyň aeroportyna getirilýän we ony kabul etmek üçin gelen polisiýa ulaglarynyň şekilleri hem görkezildi.


30 ýaşly Marinowa Ruse şäheriniň seýilgähleriniň birinde 6-njy oktýabrda öli tapylypdy. Resmiler žurnalistiň urgular we bogulma sebäpli öldürilendigini, şeýle-de onuň zorlanandygyny aýtdylar.


Bu jenaýat hem Bolgariýanyň özünde, hem-de halkara jemgyýetçiliginde nägilelik döretdi.


Köpler Marinowanyň öldürilmegini onuň žurnalistiki işi bilen baglanyşdyrsalar-da, derňewçiler muňa şaýatlyk edýän delilleriň ýokdugyny aýdýarlar.


Krasimirow 9-njy oktýabrda Germaniýanyň Ştade şäherinde tussag edildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса