Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Türk derňewçileri saudlaryň Stambuldaky konsulhanasynda ikinji gezek gözleg geçirdiler

0
Türk derňewçileri žurnalist Jamal Khaşogginiň ýitirim bolmagy bilen baglylykda geçirilýän derňewiň çäginde, saudlaryň Stambuldaky konsulhanasynda ikinji gezek gözleg işlerini geçirdiler.


Saud ýolbaşçylarynyň ýiti tankytçysy Khaşoggi 2-nji oktýabrda konsulhana gireninden soň hiç görünmedi.


Türk hökümetiniň tarapynda çykyş edýän habar serişdeleri Khaşogginiň konsulhanada öldürilendigini we jesediniň böleklere bölünip, ýok edilendigini öňe sürdüler.


Şaýatlar derňewçileriň konsulhananyň bakjasyny we ulaglaryny hem barlandyklaryny gürrüň berdiler.


Bu iş bilen baglylykda, konsulhanadaky ilkinji gözleg 15-nji oktýabrda geçirilipdi.


Konsul Muhammad al-Otaibi 16-njy oktýabrda Türkiýäni terk etdi.


ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo Khaşogginiň meselesini maslahat etmek üçin 17-nji oktýabrda türk prezidenti Rejep Taýyp Erdogan bilen duşuşdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса