Gyrgyzystanyň öňki prezidenti Atambaýewiň öňki geňeşçisi Orsýetde tussag edildi
Ikramjan Ilmiýanow Atambaýewiň soňky aýlarda korrupsiýada aýyplanyp, işden boşadylan we tussag edilen ençeme ýaranlarynyň biri.
Media maglumatlaryna görä, Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça komiteti Ikramjan Ilmiýanowy 20-nji oktýabrda Orsýetiň Tatarstan respublikasynyň paýtagty Gazanda ele salypdyr.
Almazbek Atambaýew Gyrgyzystanyň prezidenti wezipesinden 2017-nji ýylyň noýabr aýynda çekildi. Onuň goly astynda işlän iki sany öňki premýer-ministri Sapar Isakow we Jantoro Satybaldiew korrupsiýa bilen bagly aýyplamalaryň esasynda iýul aýynda tussag edilipdi.
