Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Russiýa we Pakistan bilelikdäki harby-tälim türgenleşigine başlady

0
Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Haýber Puhtunhwa welaýatyndaky daglyk sebitde 200 çemesi rus we pakistanly harby bilelikdäki harby-tälim türgenleşigine başlady.


“Družba-2018” harby-tälim türgenleşigine Demirgazyk Kawkaz respublikasy Garaçaý-Çerkezde ýerleşýän moto-atyjylyk brigadasynyň 70 sany harbysy gatnaşýar diýip, Russiýanyň Günorta harby etraby özüniň 22-nji oktýabrda ýaýradan beýanatynda aýtdy.


Bu harby-tälim türgenleşikler 4-nji noýabra çenli dowam eder.


“Družba-2018” (Dostluk) harby-tälim türgenleşigi 2016-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Geçen ýyl Garaçaý-Çerkeziň daglyk regionynda geçirilen harby-tälim türgenleşiklerine 200-den gowrak harby gatnaşypdy.


Bu türgenleşikleriň maksady iki ýurduň harbylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden, hususan-da terrorizme garşy göreşde professional tejribäni alyş-çalyşmakdan ybarat.


Pakistanyň Haýber Puhtunhwa we Russiýanyň Demirgazyk Kawkaz respublikasy Garaçaý-Çerkezde yslamçy söweşijiler bar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса