Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Октябрь
2018

Hytaý deňziň üstünden geçýän dünýäniň iň uly köprüsini açdy

0
Hytaý Gong-Kong bilen Hytaýy birikdirýän we deňziň üstünden geçýän dünýäniň iň uly köprüsini açdy. Bu köpriniň gurluşygy 10 ýyl dowam etdi.


23-nji oktýabrda Hytaýyň Çžuhaý şäherinde geçirilen açylyş dabarasyna prezident Si Jinping gatnaşdy.


Köpriniň uzynlygy 55 kilometre barabar bolup, ol geçiş ýollaryny, geçelgeleri we ýerüsti tunelleri öz içine alýar. Bu köpri Hytaýyň günortasyndaky kenarýaka üç şäheri birleşdirýär: Gong-Kong, Makau we Çžuhaý.


Köpri adaty awtoulag hereketi üçin 24-nji oktýabrda açylar.


Köpriniň gurluşygyna $20 milliard möçberinde maliýe serişdesiniň harçlanandygy çaklanylýar.


Köpriniň gurluşygynda howpsuzlyk meselesi boýunça aladalar bolupdy. Bu proýektiň gurluşygynyň dowamynda azyndan 18 sany işçiniň ölendigi we başga-da ýüzlerçesiniň ýaralanandygy habar berildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса