Hillari Klinton prezidentlige dalaş etmejekdigini aýdýar
Klintonyň bu baradaky çykyşy New York City TV neşirinde çap boldy.
“Men özümiň ynanýan zatlarym ugrunda işlemegi, gürlemegi we bularyň arkasynda durmagy dowam etdirmekçi” diýip, Klinton belledi.
Demokratlaryň onlarça wekili öňümizdäki ýyl geçiriljek prezidentlik saýlawlaryna dalaş etmek meýillerini mälim etdiler.
ABŞ-nyň häzirki prezidenti Donald Trampyň hem saýlawlarda dalaş etmegine garaşylýar.
