Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Новости за 12.03.2019

Döwlet habar serişdeleri raýatlary haýwanlar babatynda rehim-şepagata çagyrýar

Azathabar.com 

Aşgabatda itleriň we pişikleriň köpçülikleýin awlanýandygy barada haýwanlary goraýjylaryň we garaşsyz media serişdeleriniň yzygiderli habarlarynyň fonunda Türkmenistanyň döwlet we hökümetçi habar serişdeleri ýurtda öýsüz haýwanlar babatyndaky rehimsizligiň aýra ýagdaýlary, bu meselede döwletiň we käbir raýatlaryň rehim-şepagaty barada makalalary çap edip başlady. Bu maglumatlarda öýsüz haýwanlar babatyndaky rehimsizlige döwletiň däl-de, raýatlaryň jogapkärdigi öňe sürülýär.  Türkmen paýtagtynyň... Читать дальше...

ABŞ Wenesueladaky ähli diplomatlaryny çykarýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Birleşen Ştatlaryň Wenesueladaky ähli galan diplomatlaryny yzyna çagyrmak barada görkezme berdi. Mundan birnäçe sagat öň bolsa, Waşington Wenesuelanyň döwlet nebit kärhanasy PDVSA bilen iş alyp barandygy üçin, rus bankyna garşy sanksiýalary girizdi. Russiýa häkimiýet başynda galmakçy bolýan Wenesuelanyň lideri Nikolas Maduronyň iň esasy malýe goldawçylarynyň biridir. ABŞ-nyň hereketleri hem Karakasa hem-de Moskwa garşy basyşlary güýçlendirýär. Читать дальше...

AI: Internetdäki wideolar eýranly aýal-gyzlaryň ýüzbe-ýüz bolýan “zalymlygyny” görkezdi

Azathabar.com 

Sosial torlarynda peýda bolan wideolar Eýranda ahlak polisiýasynyň we hökümetiň “kellekeserleriniň” ýurduň berk egin-eşik syýasatynyň çäklerinde aýallara görkezýän “hopukdyryjy derejedäki kemsitmelerini” görkezdi diýip, adam hukuklaryna gözegçilik edýän Amnesty Inertnational guramasy aýtdy. “Eýranyň mejbury hijab kanunlary diňe bir kemsidiji bolmak bilen çäklenmän, olar köçelerde aýal-gyzlara edilýän gazaply hüjümleri aklamak üçin hem ulanylýar” diýip, düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň beýanatynda aýdylýar. Читать дальше...

Kremliň adam hukuklary boýunça geňeşi “fake news” kanunyny ret etmäge çagyrýar

Azathabar.com 

Kremliň adam hukuklary boýunça geňeşi rus parlamentiniň ýokarky palatasyna ýüzlenip, “fake news”, ýagny “ýalan habarlary”, şeýle-de rus döwletini we jemgyýetini kemsidýär diýlip hasaplanýan maglumatlary bikanun etjek kanun taslamasyny ret etmäge çagyrdy. Eger-de, bu kanun kabul edilse, ol pikir azatlygyny çäklendirer diýip, Adam Hukuklary we Graždançylyk Jemgyýeti boýunça Russiýanyň Prezidentiniň ýanyndaky Geňeş özüniň websaýtynda maglumat ýerleşdirdi. Ol Federasiýa Geňeşine ýüzlenip, kanun taslamany yzyna ... Читать дальше...

Azerbaýjan harby-türgenleşik çärelerine başlady

Azathabar.com 

Azerbaýjan, prezident Ylham Alyýew bilen Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýanyň arasyndaky geçirilmeli ilkinji duşuşygyň öňüsyrasynda, giň gerimli harby-türgenleşik çärelerine başlady. Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, bäş günlük türgenleşiklere 10 müň esger, 500 tank, 300 raketa ulgamy, şeýle-de başga harby serişdeleri gatnaşdyrylar. Ermenistanyň Daşary işler ministrligi türgenleşikleriň “parhatçylyk atmosferasyny döretmäge goşant goşmaýandygyny” aýdyp, beýanat ýaýratdy. Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анастасия Павлюченкова

Павлюченкова официально аккредитовала на турнир в Риме двух своих собак






Команда «Мира танков» записала уникальную версию песни «Священная война»

Депутат Мособлдумы Барсуков поздравил ветерана и труженицу тыла с Днем Победы

Хоккей на траве. Волгодонская «Дончанка» в Кубке России 5х5 заняла пятое место

Путин принимает глав иностранных государств в Кремле по случаю дня Победы