Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Новости за 07.03.2019

Aşgabatly söwdegärlerden TSTB birleşiginiň önümlerini satmak talap edilýär

Azathabar.com 

Aşgabadyň bazarlarynyň administrasiýalary azyk satýan söwdegärlerden ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) kärhanalarynyň öndürýän azyk önümlerini satmagy talap edýärler. Azatlygyň habarçysynyň 7-nji fewralda Aşgabatdan habar bermegine görä, Habarçymyzyň söwdegärlere salgylanyp, habar bermegine görä, bazaryň ýolbaşçylary bu talabynyň sebäbini satyjylaryň satýan öz önümleriniň gymmatdygy, şeýle-de olaryň barlagdan geçmändigi bilen düşündirýärler. Azatlyk Radiosyna bu talabyň sebäplerini... Читать дальше...

Çoganlynyň gonamçylygynda gizlenýän it-pişikler öldürildi

Azathabar.com 

Aşgabadyň etegindäki Çoganlynyň gonamçylygynda onlarça it-pişik köpçüligiň gözüniň öňünde öldürildi. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň we haýwanlary goraýjylaryň sözlerine görä, bu ýagdaý 5-nji martda ýüze çykypdyr.  "Gonamçylykda ona golaý uly it we şonça pişik bardy. Güjükler hem bardy. Takyk sanyny bijek däl, emma köp gan döküldi. Gonamçylykda düýn hem şu gün. Posýologyň özünde bolsa soňky döwrüň dowamynda. Awlaýjylaryň ählisi ol ýere ugradyldy. Aktiw arassalaýarlar. Aýratynam prezidentiň... Читать дальше...

Kabuldaky raketa hüjüminde prezidentlige dalaşgär ýaralandy

Azathabar.com 

Owganystanyň paýtagty Kabulda “Talyban” tarapyndan öldürilen belli owgan şaýy lideriniň hatyra çäresinde raketalar atyldy. Hadysada prezidentlige dalaş edýän bir kandidat we beýleki bir dalaşgäriň ýedi janpenasy ýaralandy. 1995-nji ýylda öldürilen etniki-hazara Abdul Ali Mazarynyň hatyrasyna köp sanly owgan resmileri gatnaşdylar. Içeri işler ministrligiň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, howpsuzlyk güýçleri raketalary atandygy çaklanylýan söweşijileriň daşyny gabapdyrlar.

Eýran täze söwda mehanizminiň iki hepdede işläp başlajakdygyna umyt edýär

Azathabar.com 

Eýran daşary ýurtly kompaniýalaryň ýurtda iş alyp barmagyna mümkinçilik berjek täze söwda mehanizminiň öňümizdäki iki hepdäniň içinde işläp başlajakdygyna umyt edýändigini aýdýar. Bu barada Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Araghçi Wenada žurnalistlere maglumat berdi. Germaniýa, Fransiýa we Britaniýa 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyny saklap galmak ugrundaky tagallalaryň çäginde, Eýran bilen maliýe gatnaşyklaryny ýola goýjak, şeýle-de ABŞ-nyň Tährana garşy girizen sanksiýalaryna... Читать дальше...

Russiýada iki mormon tussag edildi

Azathabar.com 

Russiýanyň port şäheri Noworossiýskde howpsuzlyk resmileri Mormon kilisesiniň iki agzasyny tussag etdiler. Rus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, şäheriň etrap sudy ABŞ-nyň şahsyýetleri aýdyňlaşdyrylmadyk iki raýatyny Russiýanyň migrasiýa kanunlaryny bozmakda günäli tapypdyr. Düýbi ABŞ-da ýerleşýän kilisäniň metbugat wekiliniň Azatlyk Radiosyna e-meýl arkaly ýollan beýanatynda bellenmegine görä, gürrüňi gidýän şahsyýetler 1-nji martda ýerli kilisedäki duşuşyk mahaly tussag edilipdirler. ... Читать дальше...

Putin gizlin maglumatlaryň goragyny güýçlendirmäge çagyrdy

Azathabar.com 

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Howpsuzlyk boýunça Federal Gullugyna, ýagny FSB-e ýüzlenip, täze ýaraglar we beýleki gizlin maglumatlary goramak boýunça tagallalaryny güýçlendirmäge çagyrdy. Putin muny daşary ýurtly aňtaw gulluklarynyň Russiýadaky hereketlerini ýaýbaňlandyrmagy bilen düşündirdi. Putin bu barada 6-njy martda telewideniýe arkaly çykyş etdi. Rus prezidenti anyk ýurduň adyny tutmasa-da, bu Russiýa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi. Mundan öň... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса