Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Azerbaýjan harby-türgenleşik çärelerine başlady

0
Azerbaýjan, prezident Ylham Alyýew bilen Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşiniýanyň arasyndaky geçirilmeli ilkinji duşuşygyň öňüsyrasynda, giň gerimli harby-türgenleşik çärelerine başlady.


Azerbaýjanyň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, bäş günlük türgenleşiklere 10 müň esger, 500 tank, 300 raketa ulgamy, şeýle-de başga harby serişdeleri gatnaşdyrylar.


Ermenistanyň Daşary işler ministrligi türgenleşikleriň “parhatçylyk atmosferasyny döretmäge goşant goşmaýandygyny” aýdyp, beýanat ýaýratdy.


Paşiniýan bilen Alyýewiň dawaly Dagly-Garabag sebiti boýunça geçirilmegi planlaşdyrylýan duşuşygynyň anyk senesi entek belli edilmedi. Emma, iki lider-de bu gepleşiklere meýillidigini mälim edipdiler.


Aglaba ermenileriň ýaşaýan Dagly-Garabag sebiti 1988-94-nji ýyllar aralygyndaky uruşda özüniň Azerbaýjandan garaşsyzlygyny yglan edipdi. Şol uruşda 30 müň töweregi adamyň ölendigi, şeýle-de ýüzlerçe müň adamyň öýlerini terk etmäge mejbur bolandygy bellenilýär.


1994-nji ýyldan bäri sebite etniki ermeni güýçleri gözegçilik edýärler. Azerbaýjan olaryň arasynda ermenistanly esgerleriň hem bardygyny aýdýar.


Sebitiň garaşsyzlygyny hiç bir döwlet ykrar etmedi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса