Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Gülnara Kerimowanyň gyzy ejesi barada maglumat berdi

0
Özbegistanyň ozalky awtoritar prezidenti Yslam Kerimowyň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň sud diňlenişigi onuň saklanylýan öýüniň aşhanasynda geçirilip, ol umumy hasap bilen bir güne çekdi.


Diňlenişigiň netijesi boýunça Gülnara Kerimowa bäş ýyl tussaglyk berildi. Bu barada Kerimowanyň gyzy – Iman Kerimowa “The Guardian” neşirine maglumat berdi.


Kerimowa 2014-nji ýylda Özbegistanda tussag edilipdi.


Geçen hepde ABŞ Gülnara Kerimowanyň adyny ilkinji gezek uly göwrümli halkara parahorlyk shemasynda agzady. ABŞ Kerimowany Birleşen Ştatlaryň daşary ýurt korrupsiýa kanunlaryny bozmak üçin dildüwşük etmekde aýyplaýar.


Bu aýyplamalar Russiýanyň iň iri mobil telefon operatory MTS-y hem öz içine alýan we "parahorlyk shemasy" diýilýäne esaslanýar. Düýbi Moskwada ýerleşýän kompaniýanyň paýlary Birleşen Ştatlaryň fond biržasynda alnyp-satylýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса