Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2019

ABŞ kanunçykaryjylary Nemtsowyň ölümi boýunça Kremli tankytlaýan rezolýusiýany kabul etdiler

0
ABŞ-nyň kanunçykaryjylary rus oppozisiýa aktiwisti Boris Nemtsowyň ölüdirilmeginde Kremliň gatnaşygy bolandygy aýdylýan ýagdaý boýunça prezident Wladimir Putini ýiti tankytlaýan çäreleri kabul etdiler.


Wekiller öýi durmuşa geçirilmegi zerur bolmadyk rezolýusiýany sesleriň 416-1 gatnaşygy bilen kabul etdi.


“Bu rezolýusiýa Kremliň özüniň syýasy garşydaşlaryny yzarlamagyny ýazgarýar, şeýle-de administrasiýasyny Nemtsowyň ölümine sebäpkärlere we muny güp-basty edenlere garşy sanksiýalary girizmäge çagyrýar” diýip, ses berilişigiň öňüsyrasy Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiň öňdebaryjy agzasy Eliot Engel çykyş etdi.


Ozalky wise-premýer we Putiniň garşydaşy Nemtsow 2015-nji ýylda Kremliň golaýyndaky köpriniň üstünde atylyp öldürilipdi.


Nemtsowyň ölümi bilen baglylykda, 2017-nji ýylda çeçenistanly bäş adam günäli tapylyp, türme tussaglygyna höküm edilipdi. Emma, Nemtsowyň ýakynlary we tarapdarlary  rus resmilerini hüjümiň arkasynda duranlary ýaşyrmakda aýyplap gelýärler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса