Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Owgan resmisi Halilzady tankytlady

0
Owganystanyň ýokary derejeli resmisi ABŞ-nyň ýörite wekili Zalmaý Halilzady “Talyban” bilen alnyp barylýan parahatçylyk gepleşiklerine owgan resmilerini gatnaşdyrman, Kabulyň hökümetini “kanuny däl ýagdaýa” salmakda aýyplady.


Owgan prezidenti Aşraf Ganiniň milli howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Hamdullah Mohib Halilzady özüni “wezir” ýaly alyp barmakda hem tankytlady.


Mohib bu barada Owganystanyň Waşingtondaky ilçihanasynda gurnalan metbugat ýygnagynyň dowamynda çykyş etdi.


Döwlet Departamenti bu çykyşyň ABŞ-owgan gatnaşyklaryna we parahatçylyk prossesine diňe “ýaramaz” täsir ýetirýändigini belledi.


“Talyban” owgan hökümetini Günbataryň “oýnatgysy” atlandyryp, onuň Katardaky gepleşiklere gatnaşdyrylmagyna garşy çykyp gelýär. Jeňçi topary ikitaraplaýyn gepleşiklere başlamazdan ozal, Owganystandan ähli daşary ýurtly güýçleriň çykarylmalydygyny aýdýar.


ABŞ resmileri “Talyban” owgan hökümeti bilen gepleşiklere başlamasa, parahatçylyk ylalaşygyny kabul etmejekdiklerini belli edipdiler.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса