Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Krymda Ýegowa Şaýatlarynyň agzalary tussaghana ýerleşdirildi

0
Krymda Russiýa tarapyndan häkimiýet başyna goýlan resmiler Ýegowa Şaýatlary dini akymynyň birnäçe agzasyny tussaghana ýerleşdirdiler.


Maglumata görä, okkupirlenen Krymyň Ýalta we Alupka sebitlerinde resmiler öýleri döküp, toparyň alty agzasyny soraga äkidipdirler.


Topar tussag edilenleriň birini 34 ýaşly Artýom Gerasimow diýip tanyşdyrdy.


Russiýanyň Federal Howpsuzlyk Gullugynyň (FSB) regional býurosy 34 ýaşly erkek kişiniň tussaghana ýerleşdirilendigini tassyklady, emma başga goşmaça maglumat bermedi.


“Ýaltanyň 34 ýaşly bir ýaşaýjysynyň Ýegowa Şaýatlarynyň ýerli şahamçasynyň işini, şol sanda duşuşklary, wagyz-nesihatlary gurnandygy, şeýle-de ýokarda agzalan dini toparyň pikirlerini ýaýradandygy belli boldy” diýip, FSB rus habar serişdelerine maglumat berdi.


Russiýa 2014-nji ýylda Krym ýarymadasyny Ukrainadan basyp alypdy.


2017-nji ýylda Russiýanyň Ýokary Sudy Ýegowa Şaýatlaryny “ekstremistik” gurama diýip ykrar edenden soň, bu dini akymyň Russiýadaky agzalary dowamly basyşlara sezewar bolýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса