Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Türkmenistanda 2 müň 28 bendiniň günäsi geçildi

0
Türkmenistanyň prezidenti, halkara Nowruz güni mynasybetli, iş kesilen 2 müň 28  bendiniň günäsini geçdi. Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky degişli permana çarşenbe güni geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatynyň dowamynda gol çekdi.


Türkmen lideriniň 20-nji martda gol goýan dokumentine laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.


Şol bir wagtda, azatlyga çykýanlaryň arasynda halkara hukuk guramalary tarapyndan syýasy bendiler ýa wyždan ýesirleri diýlip hasaplanylýan adamlaryň hem bardygy ýa ýokdugy belli däl.


Türkmen prezidenti mundan öňki günä geçişliklerde hem bolşy ýaly “eden jenaýatyna ak ýürekden toba eden adamlaryň işe ýerleşdirilmegini” degişli döwlet resmilerine tabşyrýar. Emma muňa garamazdan, türkmen türmelerinde oturyp çykanlar özleriniň soňy bilen işe ýerleşmek meselesinde uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny, güýç edaralarynyň işgärleri tarapyndan häli-şindi her dürli kemsitmelere sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса