Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Март
2019

Moskwa we Bişkek Gyrgyzystandaky rus harby bazasynyň territoriýasyny giňeltdi

0
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbai Jeenbekow beýleki meseleler bilen bilelikde, öz ýurtlarynyň Merkezi Aziýa ýurdundaky rus harby bazasy babatdaky şertnamasynyň üýtgedilmek mümkinçiliklerini maslahatlaşmak üçin Bişkekde duşuşdy.


Prezident Putiniň Bişkege bir günlük sapary mahalynda taraplar Orsýetiň Merkezi Aziýa ýurdundaky harby bazasynyň territoriýasyny 60 gektar giňelmek ylalaşygyna geldi. 


Orsýetiň kanuny dokumentler saýtynda ýerleşdirilen protokola laýyklykda, Orsýetiň demirgazykdaky Kent şäherinde ýerleşýän howa bazasynyň kärendesine töleýän ýyllyk tölegi$4.5 milliondan $4.79 milliona çenli köpeldildi.


Orsýetiň Kantdaky howa bazasy 2003-nji ýylda, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň howandarlygynda açyldy. Bu gurama Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Täjigistan hem girýär.


Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow geçen aý Gyrgyzystana sapary mahalynda, eger Bişkek gyzyklansa, Moskwanyň bu ýurtda ikinji harby bazasyny hem açmak meselesini maslahatlaşjakdygyny aýtdy.

 



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса