Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Özbegistan Aziýada Ýewropadaky ýaly, bir görnüşli wiza girizmegi teklip edýär

0
Merkezi Aziýanyň iki postsowet ýurdy – Gazagystan we Özbegistan öz aralarynda Ýewropa ýurtlaryndaky Şengen wizasynyň mysalynda, bir görnüşli “Silk Visa” wizasyny girizmegi niýet edinýär.


Bu çäre Özbegistanda häkimiýet çalşandan soň, regionyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, özara gatnawy ýeňilleşdirmek tagallarynyň çäginde amala aşyrylar.


Özbegistanyň Döwlet syýahat komitetiniň başlygynyň birinji orunbasarynyň wezipesini ýerine ýetiriji Ulugbek Kasymhojaýewiň “Centralasia” neşirine aýtmagyna görä, beýle wizanyň häzire çenli girizilmezliginiň sebäbi bu iki ýburduň beýleki ýurtlar bilen wizasyz gatnaşyga garaýyşlarynyň başga-başga bolmagy bilen bagly.


Kasymhojaýew aziýa ýurtlarynda munuň ýaly multiwizanyň bahalarynyň hem dürli-dürlüdigini we olary birmeňzeş etmek üçin wagt gerekdigini belleýär.


Mundan öň Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň wizasyz gatnaşyklara geçmek planlary barada habar berlipdi, Türkmenistanyň bu meseledäki pozisiýasy aýdyň bolman galýar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса