Мы в Telegram
Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Новости за 06.05.2019

Polisiýa ak bolmadyk awtoulaglary saklamagyny bes etdi

Azathabar.com 

Aşgabadyň polisiýasy reňki ak bolmadyk awtoulaglary saklamagyny we ulag eýelerine jerime salmagyny bes etdi. Bu gadagançylygyň şu günler ýatyrylandygyny Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky birnäçe çeşmesi habar berdi. - Geçen hepdäniň başynda reňkli awtoulaglary saklamagyny we olary jerime duralgalaryna ugratmagyny bes etdiler, olary saklan halatlarynda-da diňe tehniki guratlygy hakyndaky şahadatnamasyny barladylar, sebäbi ak bolmadyk awtoulaglara tehniki gözegçiliginden geçmek mümkin däldi. Eger tehniki... Читать дальше...

Çoganlynyň hassahanasynda näsaglary 'gorkuzyp, olardan para alýarlar'

Azathabar.com 

Aşgabadyň Çoganlydaky ýokanç keselleri hassahanasynda saglyk barlagyndan geçýän näsaglaryň ganynda näbelli wirusyň bar bolmagy mümkin diýlip, olar gaýtadan barlagdan geçmäge ýa-da para bermäge mejbur edilýärler diýip, Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanly zenan aýtdy.

ABŞ-nyň delegasiýasy Türkmenistandaky ýyllyk konsultasiýalaryny tamamlady

Azathabar.com 

ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça müdürliginiň Merkezi Aziýa işleri boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Mark Mud 2018-nji ýylyň oktýabryndaky ýyllyk türkmen-amerikan ikitaraplaýyn maslahatlarynyň orta möhlet netijelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin 2-nji maýda Aşgabatda amerikan wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi diýip, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy 6-njy maýda maglumat berýär. Ýyllyk geçirilýän maslahatyň bäşinji tapgyry 2018-nji ýylyň 25-26-njy oktýabrynda ABŞ-dan... Читать дальше...

Kimsi doganyny, kimsi goňşusyny gatnadýar. Aşgabadyň polisiýasy hususy taksileri awlaýar

Azathabar.com 

Şu günler Aşgabadyň polisiýasynyň jerime duralgalary hususy awtoulaglardan hyryn-dykyn, hususy awtoulaglarda kireý etmek üçin jerimeleriň möçberi bolsa, 600-700 manada ýetýär. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary habar berýärler. Olaryň sözlerine görä, hususy awtoulagda kireý etmek gadagançylygy sebäpli bu iş bilen meşgullanýan hususyýetçileriň göz-görtele azalmagyna garamazdan, saklanýan hususy awtoulaglaryň sany köpelýär.  "Aşgabatda hususy taksileriň awlanmagy akyla sygmajak bir derejä ýetdi. Читать дальше...

Özüňi syna: Berdimuhamedow we atlar

Azathabar.com 

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke atlaryna bolan çuň söýgüsi indi ýurduň ilaty üçin hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin syr däl. Türkmen mediasynda onuň wagtal-wagtal atda gezelenje çykyşyny, atlar barada kitap ýazyşyny, hat-da ata bagyşlap rep aýdyşyny hem synlasa bolýar. Berdimuhamedowyň ýokarky suratynda atyň näçe heýkeli, şekili, suraty... ýerleşdirilipdir?



Russiýada “Aeroflotyň” uçary ot aldy, 41 adam öldi

Azathabar.com 

Russiýanyň ýolagçy uçary Moskwanyň Şeremetýewo aeroportyna adatdan daşary gonuşy amala aşyryp, ot alandan soň, onuň bortundaky 41 ýolagçy öldi. Suhoý SSJ100 kysymly uçar milli “Aeroflot” kärhanasy tarapyndan dolandyrylyp, onuň bortunda 73 ýolagçy we bäş ekipaž agzasy bardy. 5-nji maýda uçar adatdan daşary gonuşy amala aşyranyndan soň, onuň fýuzelýažyndan ot ýalynlary we goýy gara tüsse çykyp başlady. Derňew komiteti 37 adamyň aman galandygyny aýtdy. Hadysada ýaralanan azyndan bäş adam keselhana ýerleşdirildi. Читать дальше...

ABŞ-“Talyban” parahatçylyk gepleşikleri Remezan sebäpli togtadyldy

Azathabar.com 

Kataryň paýtagty Dohada ABŞ-nyň araçylary bilen “Talybanyň” arasyndaky gepleşikler 6-njy maýda Remezan aýynyň başlanmagy mynasybetli togtadyldy. Geçen hepde taraplar Owganystandaky 18 ýyllyk urşy tamamlamak ugrundaky gepleşikleriň altynjy tapgyryny geçirdiler. Emma, “Talyban” gepleşikleriň petige dirändigini aýdýar. “Talybanyň” syýasy metbugat wekili Suhail Şahiniň Twitterde galdyran ýazgysyna görä, gepleşikler mukaddes Remezan aýynyň başlanmagy mynasybetli togtadylypdyr. Ýöne, Şahini gepleşikleriň... Читать дальше...

ABŞ Ýakyn Gündogardaky harby serişdelerini artdyrýar

Azathabar.com 

Waşington Eýrana “açyk bir görnüşde habar ýetirmek üçin” ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky harby serişdeleriniň sanyny artdyrýar diýip, Ak Tam maglumat berdi. Milli howpsuzlyk boýunça maslahatçy Jon Boltonyň beren maglumatyna görä, bu karar howsala döredýän ençeme görkezijilerden ugur alnyp kabul edilipdir. Boltonyň ýaýradan beýanatynda “ABŞ-nyň bähbitlerine ýa-da onuň ýaranlaryna ediljek islendik hüjümiň rehimsiz güýç bilen garşylanjakdygy barada Eýranyň režimine açyk habaryň ýollanýandygy” bellenilýär. Читать дальше...

Eýran resmisi nebitiň “çal bazarda” satyljakdygyny aýdýar

Azathabar.com 

Eýran, özüniň bikanun atlandyrýan, ABŞ-nyň sanksiýalaryndan sowa geçip, nebitini “çal bazarda” satjakdygyny yglan etdi. Bu barada Eýranyň nebit ministriniň orunbasary Amir Hossein Zamaninia 5-nji maýda çykyş etdi. Bu çykyşdan birnäçe gün öň, Waşington ABŞ-nyň sanksiýalaryna düşmez ýaly kadadan çykma hökmünde ençeme döwlete edilen eglişikleriň maýdan başlap ýatyryljakdygyny yglan edipdi. Geçen ýyl prezident Donald Tramp ABŞ-ny 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykaranyndan soň, Waşington... Читать дальше...

Banner üçin tussag edilen iki gazak aktiwisti möhletinden öň boşadyldy

Azathabar.com 

Gazagystanyň Almaty şäherinde geçen aý geçirilen marafonyň dowamynda açyk saýlawlara çagyryp banneri ýerleşdiren – soňy bilen-de, munuň üçin 15 gün türme tussaglygyna höküm edilen –  iki aktiwist azatlyga goýberildi. 34 ýaşly Asiýa Tulesowanyň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, onuň özi we 20 ýaşly egindeşi Beýbarys Tolymbekow saglyk barlagyndan geçirilenden soň, 5-nji maýda azatlyga goýberilipdirler. “Beýbarsyň ýokary gany basyşy bardy. Meniň saglyk ýagdaýym hem gowşapdy. Netijede, administrasiýa... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса
Анастасия Павлюченкова

Павлюченкова официально аккредитовала на турнир в Риме двух своих собак






Два автомобиля столкнулись на Северо-Восточной хорде МСД

Вильфанд спрогнозировал возврат нормальной майской температуры в Москве к 15 мая

Часть электричек из Твери изменит свое расписание, некоторые будут отменены

Северянка Лада Еськина – бронзовый призер первенства России по боксу