Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Новости за 29.05.2019

Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde ogry tutuldy

Azathabar.com 

28-nji maýda Aşgabadyň awtobuslarynyň birinde bir jübükesen tutuldy. Waka şaýat bolan Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bu barada paýtagtdan habar berýär.

Aşgabatda çekirtgelere garşy göreş başlandy

Azathabar.com 

Aşgabatda çekirtgelere garşy göreşmek boýunça bir aý dowam etjek çärä badalga berildi. Bu çäre Türkmenistanyň prezidentiniň Aşgabatda köpelen kebeleklere we beýleki mör-möjeklere garşy “gyssagly çäreleriň” zerurdygy barada eden çykyşynyň yzýanynda alnyp barylýar.

Çeşme: Soňky 10 ýylda 1,9 milliona golaý adam Türkmenistany terk etdi

Azathabar.com 

Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, soňky 10 ýylyň dowamynda 1 million 879 müňden gowrak adam Türkmenistany terk edipdir. "Döwlet statistika komitetiniň köp wagtlap ýygnan ýapyk informasiýasyna görä, 2008-2018-nji ýyllaryň aralygynda ýurduň daşyna 1 million 879 müň 413 adam hemişelik ýaşamaga ýa-da işlemäge gidipdir, bu kategoriýanyň tas ählisi yzyna dolanmaýar" diýip, çeşmelerimiziň biri mälim etdi we bu sanyň ýurduň daşyna gidip-gelýän türkmenistanlylary öz içine almaýandygyny belleýär. Читать дальше...

Nazarbaýew Putini, Jeenbekowy, Lukaşenkony Nazarbaýew medaly bilen sylaglady

Azathabar.com 

Gazagystanyň ozalky prezidenti Nursoltan Nazarbaýew öz ady dakylan Nur-Soltan şäherinde, öňki sowet respublikalarynyň söwda toparynyň gazak paýtagtyndaky sammitinde Orsýetiň, Gyrgyzystanyň we Belarusyň prezidentlerini öz adyna döredilen Nazarbaýew medaly bilen sylaglady.

Azerbaýjanyň oppozisiýa protestçileri polisiýa bilen çaknyşdy

Azathabar.com 

Azerbaýjan polisiýasy, biraz öňki tussag etmeler baradaky habarlaryň arasynda, 28-nji maýda prezident Ylham Alyýewiň hökümetine garşy ýygnanyşan oppozisiýa toparlary bilen çaknyşdy. Protestçiler 28-nji maýda Mahammad Amin Rasulzadäniň doglan ýeri bolan Nowhani obasynda toplandylar.  Olar onuň döreden ilkinji Azerbaýjan döwletiniň – Azerbaýjan Demokratik Respublikasynyň 101 ýyllygyny bellemek islediler. Polisiýanyň ýygnanyşyk wagtynda protestçiler bilen itekleşýän pursatlary görüldi. Oppozisiýa... Читать дальше...

Tähranyň öňki häkimi ikinji aýalyny öldürendigini boýun aldy

Azathabar.com 

Tähranyň öňki häkimi Mohammad Ali Najafi özüniň ikinji aýalyny öldürendigini boýun aldy diýip, eýran mediasy prokurora salgylanyp habar berýär. Tähran şäheriniň prokurory Mohammad Şahriari 28-nji maýda Najafiniň “polisiýa ofiserlerine tabyn bolandygyny” we öz aýalyny maşgala dawalary bilen baglylykda öldürendigini boýun alandygyny aýtdy diýip, berk liniýaly “Tasnim” habar gullugy habar berdi. Najafiniň ikinji aýaly Mitra Ostad Tähranyň Saadat Abad etrabyndaky öýünde bir gün ozal öli tapyldy diýip, resmi IRNA habar gullugy habar berdi. Читать дальше...



Türkmen aktiwisti Gaspar Matalaýew “Zähmet hukuklaryny goraýjy” sylagy bilen sylaglandy

Azathabar.com 

Zähmet hukuklary boýunça halkara forum (International Labor Rights Forum) türkmen aktiwsiti Gaspar Matalaýewe pagta ýygymy mahalynda mejbury zähmetiň ulanylmagy bilen bagly problemalary beýan edendigi üçin “Zähmet hukuklaryny goraýjy” sylagy bilen sylaglady diýip, “Turkmen.news” neşiri habar berýär. Bu sylagyň berilmegine bagyşlanan dabara 22-nji maýda, Waşingtonda boldy.  G.Matalaýew häzirki wagtda Türkmenistanda üç ýyllyk türme möhletini geçirýär. Aktiwist 2016-njy ýylyň oktýabrynda, Farap... Читать дальше...

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi BAE-de “regional howpsuzlygy” maslahatlaşýar

Azathabar.com 

ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi John Bolton şu aýyň başynda Birleşen Arap Emirlikleriniň kenarlarynda nebit tankerlerine edilen hüjümiň arkasynda Eýranyň bolmagynyň “tasdan bellidigini” aýtdy. Bolton 29-njy maýda Abu Dhabide, BAE-niň paýtagtynda gürläp, gämilere hüjüm edilen “deňiz minalarynyň Eýrana degişli bolmagy tasdan belli” diýdi. Eýranyň regional bäsdeşi bolan Saud Arabystany we onuň ýakyn ýarany Waşington şu aýyň başynda Aýlakda nebit tankerlerine edilen hüjümde Eýrany günäkärledi. Читать дальше...

Ukrain raýatlygy dikeldilen Sakaşwili ukrain prezidentini öwýär

Azathabar.com 

Gürjüstanyň ozalky prezidenti we 2015-16-njy ýyllarda Ukrainanyň Odessa sebitiniň gübernatory bolup işlän Mihail Sakaşwili prezident Wolodimir Zelenskiý tarapyndan öz ukrain raýatlygynyň dikeldilmegini “batyrgaý ädim we edenli hem mynasyp prezident” diýen sözler bilen garşylady. Sakaşwili bu sözleri AÝ/AR-nyň Ukrain gullugy bilen 28-nji maýda, Zelenskiý öňki prezident Petro Poroşenkonyň Sakaşwilini raýatlykdan mahrum etmek baradaky kararyny ýatyrýan karara gol çekenden soňra eden söhbetdeşliginde aýtdy. Читать дальше...

Litwa “Sputnigiň” ýerli bölüminiň baş redaktoryny ýurtdan kowýar

Azathabar.com 

Günbataryň rus döwletiniň media ýetirýän täsiri baradaky aladalarynyň ýokarlanmagynyň arasynda “Sputnigiň” ýerli bölüminiň baş redaktory baltika ýurdundan kowlup çykaryldy.  Marat Kasem 28-nji maýda Moskwadan gelip, Wilnýus aeroportunda gonandan, serhet goragçylary tarapyndan saklandy we birazdan Litwadan 5 ýyl möhlet bilen deportasiýa edildi diýip, rus habar agentligi aýtdy. Litwanyň Döwlet serhet gullugynyň internetde çap eden dokumentine laýyklykda, Litwa Kasemi “milli howpsuzlyga wehim” hasaplaýar. Читать дальше...

Hytaýyň Gazagystandaky ilçisi Sinjiaň basyp ýatyryşlary barada aýdylýanlara gaharly reaksiýa bildirýär

Azathabar.com 

Hytaýyň Gazagystandaky ilçisi öz ýurdunyň demirgazyk-günabatarynda ýerleşýän Sinjiaň welaýatynyň esasan musulmanlardan durýan etniki toparlarynyň, garyndaşlarynyň we aktiwistleriň aýdyşy ýaly, basylyp ýatyrylýandygyny inkär edip, Pekin tarapyndan hiç bir nädogry işiň edilmeýändigini aýdyp, gaharly reaksiýa bildirdi. Gazak paýtagty Nur-Soltanda 28-nji maýda žurnalistler bilen bolan çekeleşikli pikir alyşmada ilçi Žaň Siao (Zhang Xiao) aýdylýan zatlary “galp maglumat” hökmünde ret etdi. Hytaý öz... Читать дальше...


Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса