Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Russiýada onlarça protestçi tussag edildi

0
Russiýada polisiýa 1-nji maý güni mynasybetli ýöriş, şeýle-de hökümete garşy protestleri geçiren oppozisiýa aktiwistlerini, kommunistleri we kärdeşler arkalaşyklarynyň agzalaryny tussag etdiler.


Russiýanyň ikinji uly şäheri Sankt-Peterburgda polisiýa oppozisiýa ýörişini dargadyp, 69 demonstranty tussag etdi. OVD-Info aktiwist toparynyň maglumatyna görä, bu protestçileriň prezident Wladimir Putini tankytlaýan şygarlary gygyryp başlanyndan soň ýüze çykypdyr.


Demonstrantlaryň bir topary “Putin ogry”, “Bu biziň şäherimiz” ýaly şygarlary gygyran bolsa, beýleki bir topar ellerinde “Putin müdimilik däl” diýen ýazgyly plakatlary göterdiler.


Russiýada pensiýa reformasynyň geçirilmeginiň we ýaşaýyň hiliniň peselmeginiň fonunda ilatyň närazylygy artyp başlady.


Sankt-Peterburgda ýöriş geçiren 2 müň demonstrantyň arasynda oppozisiýa syýasatçysy Alekseý Nawalnynyň hem tarapdarlary bardy.


Protestler Moskwada we ýurduň beýleki künjeklerinde hem geçirildi.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса