Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Gazagystan türkmen gazynyň Russiýa tranzitini täzeden ýola goýdy

0
Gazagystan üç ýyldan soň, türkmen gazynyň Russiýa tranzitini täzeden ýola goýdy.


Gazagystanyň milli gaz operatory “KazTransGazyň” anna güni beren maglumatyna görä, “Merkezi Aziýa – Merkez” magistral gazgeçirijisi boýunça türkmen gazynyň Russiýa tranziti täzeden başladylypdyr.


“KazTransGazyň” ýaýradan beýanatynda bellenmegine görä, mundan öň türkmen gazynyň Gazagystanyň gaztransport ulgamyndan akdyrylmagy 2016-njy ýylda togtadylypdyr.


Ýatladyp geçsek, şol ýylyň 4-nji ýanwarynda “Türkmengaz” döwlet konserni Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň türkmen gazyny satyn almagy bes edýändigini mälim edipdi.


Üç ýyl arakesmeden soňra, 15-nji aprelde “Gazprom Schweiz AG” (Gazprom Eksport toparynyň düzümine girýär) kompaniýasy bilen Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserni gaz söwdasyny täzelemek barada şertnama gol goýdular.


“Şertnama laýyklykda, 2019-njy ýylyň 30-njy iýunyna çenli 1,155 milliard kub metr türkmen tebigy gazyny satyn almak planlaşdyrylýar” diýlip, “Gazpromyň” beýanatynda aýdylýar.


“KazTransGazyň” maglumatyna görä, “Merkezi Aziýa – Merkez” geçirijisi boýunça bir gije-gündizde Russiýa 15 million kubometr türkmen gazy akdyrylar.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса