Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Rim papasy Fransis Demirgazyk Makedoniýa sapar edýär

0
Rim papasy Fransis ilkinji gezek Demirgazyk Makedoniýa sapar bilen geldi.


Paýtagt Skopýede Fransisy Demirgazyk Makedoniýanyň wezipesinden gidip barýan prezidenti Gjorge Iwanow garşylady.


Demirgazyk Makedoniýa uly bolmadyk Balkan döwleti bolup, onuň ilaty 2.1 millona barabardyr. Ilatyň aglabasy prawoslaw hristiýanlarydyr.


Şol bir wagtda, ýurtda etniki alban musulmanlarynyň hem uly jemgyýeti ýaşaýar. Olar ilatyň dörtden bir bölegini emele getirýärler.


Demirgazyk Makedoniýada 15 müň katoligiň ýaşaýandygy çaklanylýar.


Fransisyň Tereza enä bagyşlanan memorialda dini wekiller bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.


Tereza ene, ýagny Agnes Gonje Boýajiu 1910-njy ýylda – ýurduň Osman imperiýasynyň düzüminde wagty – Skopýede, albanlaryň maşgalasynda dogulýar.


Ol soňy bilen Hindistana, Kalkutta gidip, ol ýerde garyplara we kesellere hemaýat berip başlaýar.


Fransis ony 2016-njy keramatlylaryň hataryna goşdy.


Saparyň öňýany Fransis Demirgazyk Makedoniýadaky medeniýetleriň, dinleriň we etniki jemgyýetleriň dürli-dürliligini öwüp, bu ýere raýdaşlygyň “tohumlaryny ekmäge” gelýändigini aýtdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса