Добавить новость
ru24.net
World News in Turkmen
Май
2019

Pompeo garaşylmadyk sapary bilen Yraga bardy

0
ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo garaşylmadyk sapary bilen Yraga bardy we Yragyň resmileri bilen gepleşik geçirip, Eýranyň hereketleriniň "güýçlenmegine" degişli howpsuzlyk aladalanmalaryny mälim etdi.


Pompeonyň 7-nji maýda eden bu sapary ABŞ-nyň Ýakyn Gündogarda uçar göteriji gämili söweş toparyny ýerleşdirmek barada hepdäniň başynda yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.


ABŞ munuň Amerikan güýçlerine we ýurduň raýatlaryna Eýranyň salýan howpuna jogapdygyny aýtdy. 


ABŞ-nyň aňtaw gullugynyň "gutulgysyz bolan hüjümler" barada "örän takyk" bolandygyny Pompeo Bagdatda aýtdy, emma detallary bermedi. 


Tähran aýdylýan howplary ret edip, "psihologiki uruş" diýip atlandyrdy.


Tähranyň we Waşingtonyň arasyndaky dartgynlylyk prezident Donald Trampyň öz ýurdunyň Tähran bilen 2015-njy ýylda baglaşylan halkara ýadro ylalaşygyndan çykýandygy barada bir ýyl mundan öň yglan edip, sanksiýalary dikeltmeginden soň ýaramazlaşdy.



Moscow.media
Частные объявления сегодня





Rss.plus
















Музыкальные новости




























Спорт в России и мире

Новости спорта


Новости тенниса